Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Zuzana Kaputowa Slowakiýanyň ilkinji zenan prezidenti boldy


Zuzana Kaputowa

Liberal tebigaty goraýjy aklawçy we hökümet tankytçysy Zuzana Kaputowa öz garşydaşyny uly tapawut bilen ýeňip, Slowakiýanyň ilkinji zenan prezidenti boldy.

31-nji martda irden sesleriň tas ählisiniň sanalmagy netijesinde Kaputowa ikinji tapgyr saýlawlarda sesleriň 58.4 prosentini aldy.

Maros Sefkowiç, dolandyryjy Sosial-Demokratik ugur (Smer-SD) partiýasy tarapyndan goldanylýan garaşsyz kandidat 41.6 prosent ses aldy.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti we Kommunistik partiýanyň ozalky agzasy Sefkowiç Kaputowadan ýeňlendigini 30-ny martda, ýarygijeden öň boýun aldy.

Kaputowa söz sözläp, saýlawçylara slowak, çeh, wenger we roma azlygynyň dilinde gürläp, sag bol aýtdy.

Ol goldawçylaryna özüniň saýlanmagynyň özgerişlik alamaty bolup görünýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG