Türk prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we onuň yslama esaslanýan “Ak partiýasy” ýurduň munisipal saýlawlarynda Ankarada ýeňilip, möhüm şowsuzlykdan ejir çekýän ýaly bolup görünýär.
1-nji aprelde Türkiýäniň media serişdeleriniň maglumatyna görä, oppozision Respublikan Halk partiýanyň (CHP) kandidaty Mansur Ýawaş Ankarada anyk ýeňiş gazandy. Şeýle-de, Stambulda netijeleriň biri-birine örän golaý bolandygy sebäpli kimiň ýeňiş gazanandygy nämälim bolup galsa-da, Erdogan bu şäherde hem ýeňlişi kabul eden ýaly bolup görünýär.
“Stambulda etraplaryň aglabasy biziňki ýa-da biz deňe-deň. Bu nämäni aňladýar? Biziň halkymyz şäheriň ýolbaşçylygyny alsa-da, etraplary Ak partiýa berdi” diýip, Erdogan Ankarada eden çykyşynda aýtdy.
CHP sesleriň 98,8 prosentiniň sanalmagy netijesinde öz dalaşgärlerine 4,111,219 saýlawçynyň, AKP-niň goldaýan kandidatyna 4,106,776 saýlawçynyň ses berendigini aýtdy.
Erdogan we onuň partiýasy 2002-nji ýyldan bäri ýurtda geçirilýän saýlawlaryň ählisinde ýeňiş gazanyp gelýärdi.
Tejende wifi gowy işlenok köseýär!.
Bir tarapdan siziň maglumatlaryňyz kimdir birine peýda getirýär, emma beýleki bir tarapdan bolsa zyýan getirýär. Ynha, siziň habarçylaryňyz aldygyna maglumat baryny ugratdylar mekdeplerde okuwçylardan pul ýygnanýanlygy barada. Indi biz mugallymlar okuwçylardan ýygnan 50, 80 manat aralygyndaky pullary yzyna gaýtaryp berdik. Netijede bolsa, öz hasabymyza 4000-5000 manat jübimizden çykaryp, mekdebi remont etmeli bolduk. Eger gaýratyňyz bolsa, bizede ýardam ediň. Biziň tutuş bir aýlyk hakymyzy çagalarymyzyň agzyndan kesip bermäge ýagdaýymyz ýok. Goý, Gorono diýdi, bilim ministrligi diýdi, olar öz hasaplaryna remont etsinler mekdepleri. Ýa-da siziň habarçylaryňyz peşeden pil ýasap, bize zyýan getirmesinler. Bir maşgaladan tutuş ýylyň dowamynda 80 manat bilim alýan ojagyna pul çykarmak ullakan bir çökder zat däl ahbeti. Olaryň käbirleriniň kakasy günde 30-40 manady araga-çilime-de oklap dur. Ýardamyňyzy bize-de ýetiriň. Gaýrat ediň.