Ýaponiýa ýurduň imperatory Akihitonyň şu aýyň ahyryna tagtdan çekilmegi bilen başlajak täze döwrüň adynyň “Reiwa” diýlip atlandyryljakdygyny aýdýar.
Kabinet sekretary Ýoşihide Suganyň 1-nji aprelde beren maglumatyna görä, bu at Akihitonyň mirasdüşer ogly Naruhito imperator bolan mahaly, ýagny 1-nji maýdan güýje girer.
Onuň sözlerine görä, bu at 7-nji asyra degişli “Manýoşu” poeziýa ýygyndysyndan öz gözbaşyny alýar.
Bu at iki sözi özünde jemleýär: “Rei” - “düzgün-tertip” ýa-da “ýakymly” diýen manylar bilen ilteşdirilýär; “Wa” – adatça “parahatçylyk” ýa-da “sazlaşyk” diýlip terjime edilýär.