Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wäşi Zelenskiý we Poroşenko gyzgalaňly prezident saýlawlaryna taýýarlanjaga meňzeýär


Ukrainanyň häzirki prezidenti Petro Poroşenko we wäşi we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý
Ukrainanyň häzirki prezidenti Petro Poroşenko we wäşi we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý

Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistler bilen söweşýän, Moskwanyň öz territoriýasyny basyp almagyndan, gowşak ykdysadyýetden we dynuwsyz korrupsiýadan ejir çekýän Ukrainada wäşi we täze syýasatçy Wolodymyr Zelenskiý we häzirki prezident Petro Poroşenko gyzgalaňly prezident saýlawlaryna taýýarlyk görjek ýaly bolup görünýär.

31-nji martda geçirilen saýlawlarda sesleriň ýarysyna golaýynyň sanalmagyna garaşylýandygyna garamazdan, Zelenskiý sesleriň 30,2 prosentini almak bilen, täsirli ýeňşi gazanmaga tarap çaltlyk bilen barýar diýip, Merkezi Saýlaw Komissiýa sesleriň 50,4 prosenti sanalan mahaly aýtdy.

Saýlawlara hasaba alnan saýlawçylaryň 64 prosentiniň gatnaşandygy habar berilýär. Häzirki netijelere görä, Poroşenko sesleriň 16,7 prosentini, öňki premýer-ministr Ýulia Tymoşenko 13,1 prosentini aldy.

Ukrain saýlawlary boýunça soňky resmi netijeleriň 1-nji aprelde yglan edilmegine garaşylýar.

XS
SM
MD
LG