Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň gurply işewür zenany Germaniýadaky uçar heläkçiliginde öldi


Nataliýa Filewa

Russiýanyň iň gurply aýallarynyň biri, “S7 Groupyň” başlygy we onuň eýeleriniň biri Nataliýa Filewa Germaniýanyň günorta-günbatarynda bolan uçar heläkçiliginde öldi diýip, S7 howaýollary kompaniýasy aýdýar.

Howaýollary kompaniýanyň metbugat gullugy özüniň 31-nji martda beren maglumatynda “Epic-LT” kysymly ýeke motorly uçaryň Frankfurtyň günortasyndaky Egelsbah şäherçesindäki kiçi aeroporta golaýlan mahaly ýere gaçandygyny we şonda uçaryň bortunda 55 ýaşyndaky Filewanyň hem bolandygyny aýdýar.

Mundan öň, Germaniýanyň polisiýasy alty adamlyk uçarda üç adamyň, şol sanda pilotyň bolandygyny habar beripdi.

Beýanatda uçaryň 31-nji martda öýlän heläkçilige uçran mahaly, Fransiýadan Egelsbaha sapar edýändigi aýdyldy.

Uçar heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy heniz hem nämälim bolmagynda galýar.

2018-nji ýylda Filewa “Forbes” žurnaly tarapyndan Russiýanyň iň baý dördünji aýaly diýlip atlandyrylypdy. Şonda onuň baýlygynyň 600 million amerikan dollaryna barabardygy çaklanylypdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG