Russiýanyň media serişdeleri ýurduň Sankt-Peterburg şäherindäki harby akademiýada bolan partlamada dört adamyň ýaralanandygyny habar berýärler.
“Interfax” habar gullugy Tiz kömek gullugynyň ady agzalmaýan işgärine salgylanyp, 2-nji apreldäki partlamada ýaralananlaryň Možaýskaýa akademiýasynyň kadetleri bolmagynyň mümkindigini aýtdy.
Şol bir çeşmäniň “Interfax” habar gullugyna beren maglumatyna görä, partlama binanyň ikinji gatynda bolup, muňa haby türgenleşikler üçin ulanylýan partladyjy enjamlar sebäp bolan bolmagy ähtimal.
Bu habarlar dogrusynda häzirlikçe resmi kommentariýa berilmedi.
Možaýskaýa akademiýasy Russiýanyň aerokosmiki güýçleri we harby güýçleriň beýleki bölümleri üçin kadrlary taýýarlaýar.