Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Forum: Owgan türkmenleri jemgyýetde sowatlylygy artdyrmak boýunça täze kampaniýa girişdi


Owgan türkmenleri gyzlaryň bilim almagyna ünsi artdyrýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

Owgan türkmenleri gyzlaryň bilim almagyna ünsi artdyrýarlar

Etniki türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan Jöwüzjan welaýatynda 20-nji martda “Türkmenler öz çagalaryny mekdebe ýollasyn” atly kampaniýa geçirildi. Bu çäre owgan türkmenleriniň “Oguzlar” atly jemgyýetçilik guramasynyň başlangyçlary bilen guraldy.

“Dünýä Türkmenleri” gepleşiginiň nobatdaky sany bu kampaniýa bagyşlanýar.

Gepleşikde kampaniýany kimleriň gurandygy, näme sebäpden şeýle kampaniýa zerurlyk ýüze çykandygy, onuň guramaçylygynda nähili päsgelçililklere ýa-da ýeňilliklere duş gelinendigi baradaky soraglara we bu tema bilen bagly beýleki sowallara jogap agtarylýar.

Bu kampaniýa barada Azatlyk Radiosynyň websaýtynda çap edilen ýokardaky wideo tomaşa edip, öz pikir-garýyşlaryňyzy teswir görnüşinde biziň bilen paýlaşmaga çagyrýarys!

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG