Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazak sudy AÝ/AR-nyň habarçysyna salnan pul jerimesini öz güýjünde saklady


Saniýa Toiken
Saniýa Toiken

Gazagystanyň günbataryndaky regional sud Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň habarçysy Saniýa Toikene jerime salmak barada aşaky suduň çykaran kararyny öz güýjünde saklady.

2-nji aprelde giçlik Aktaudaky Mangystau regional sudunyň kazysy Nursapa PrimaşewToikeniň şikaýatyny ret edip, oňa jerime salmak baradaky kararyň kanuna laýykdygyny aýtdy.

Sud öz kararyny Toiken sud zalynda ýok mahaly mälim etdi. Toiken suduň öz aklawçysy bolmazdan sud diňlenişigini geçirmek baradaky kararyny protest etmek üçin sud zalyndan çykyp gidipdi. Şol wagt onuň aklawçysy başga şäherde duşuşygy bolany sebäpli Aktauda däldi.

Primaşew Toikeniň sud diňlenişigini aklawçysy şähere dolanandan soňra, 3-nji aprelde geçirmek baradaky ýüzlenmesini ret edipdi.

Geçen aý Žanözen şäheriniň sudy Toikeniň polisiýanyň buýruklaryny berjaý etmekden ýüz öwrendigi üçin diýip, oňa 135 amerikan dollary möçberinde pul jerimesini salypdy.

XS
SM
MD
LG