Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Alžirde uzak wagt häkimiýet başynda bolan prezident wezipesinden çekildi


Abdelaziz Bouteflika
Abdelaziz Bouteflika

Alžirde prezident Abdelaziz Bouteflikanyň 20 ýyl häkimiýet başynda galmagyna garşy alty hepdeläp geçirilen parahatçylykly köpçülikleýin protestleriň yzýany, prezident wezipesinden çekildi diýip, döwlet mediasy habar berýär.

Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Bouteflika bu karar barada Konstitusion Geňeşi habarly edip, munuň 2-nji aprelden güýje girýändigini aýtdy.

Alžiriň prezidentiniň bu karary, onuň wezipeden çekilmegi üçin derhal herekete geçmek barada ýaragly güýçleriň ştab başlygynyň eden talabyndan gysga wagt soňa gabat geldi.

Bouteflika 2013-nji ýylda ýürek näsazlygyndan ejir çekeni bäri köpçülikde o diýen köp görünmeýärdi. Ol başlangyçda aprel aýynda geçirilmegi planlaşdyrylan prezident saýlawlarynda ýene bäş ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlanmaga synanyşmak planlaryny ýatyrdy.

XS
SM
MD
LG