Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Sankt-Peterburgdaky partlama bilen bagly sud edilýänler gynamalara sezewar edilendiklerini aýdýarlar


2017-nji ýylda Sankt-Peterburgyň metrosynda bolan ýowuz partlama gatnaşygy bolmakda güman edilýän tussaglar

2017-nji ýylda Sankt-Peterburgyň metrosynda bolan ýowuz partlama gatnaşygy bolmakda güman edilýän birnäçe tussag häkimiýetleriň özleri bilen, olaryň sözlerine görä, özüni partladan adamyň arasynda ilteşigi gözleýän mahaly, özleriniň türmede gynamalara sezewar edilendigini aýdýar.

Gynamalar baradaky soňky aýyplamalar 2-nji aprelde 11 sany şübheli sud öňüne çykarylan mahaly peýda boldy.

Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwist tussaglaryň biriniň “gizlin türmä” alnyp gidilendigini we şol ýerde elektrik urgysyna we beýleki zorlamalara sezewar edilendigini aýdýar.

Tussaglaryň hukuklaryny gorap çykyş edýän toparyň agzasy Ýana Teplitskaýanyň “Mediazona” habar gullugyna beren maglumatyna görä, Muhamadýusup Ermatow 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde Sankt-Peterburgda tussag edilenden soňra gynamalara sezewar edilendigini aýtdy.

Ermatow we beýleki 10 tussag, Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan janyndan geçeniň bombasy diýlip atlandyrylýan waka şärik bolmakda aýyplanýar. Rus häkimiýetleri özüni partladanyň rus raýatlygyna eýe, Gyrgyzystanda doglan etniki özbek Akbarjon Jalilowdygyny mälim edipdiler.

2017-nji ýylyň 3-nji aprelinde Russiýanyň iň uly ikinji şäherindäki metro wagonynda bolan partlamada 15 adam ölüpdi we başga-da 67 sanysy ýaralanypdy.

Tussaglaryň ählisi Merkezi Aziýanyň öňki sowet respublikalarynyň raýatlary bolup, olar harby sudda geçirilen ilkinji sud diňlenişiginde özleriniň günsizdiklerini aýdypdylar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG