Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şweýsariýaly aklawçy müşderisi Gülnara Kerimowa bilen özbek türmesinde duşuşdy


Gülnara Kerimowa
Gülnara Kerimowa

Özbegistanyň öňki prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň şweýsariýaly aklawçysy öz müşderisi bilen özbek türmesinde duşuşdy.

Özbegistanyň baş prokuraturasynyň 3-nji aprelde beren maglumatyna görä, Gregorie Mangeat Kerimowa bilen 1-2-nji aprelde Daşkent regionyndaky “Zangiota” zenanlar türmesinde duşuşypdyr.

Mangeat öz müşderisi bilen duşuşmak üçin türmä baranda tweet paýlaşdy.

Mundan 10 ýyl çemesi ozal, haçanda onuň kakasy aýatda wagty, Gülnara Kerimowa özüniň moda sergileri we estrada aýdym-sazly wideo klipleri bilen tanalýan meşhur zenandy.

XS
SM
MD
LG