Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

“Talyban” günbatar Owganystanda bir etraba zabt edip, onlarça adamy öldürdi


"Talyban" söweşijileri. Arhiw suraty

Owgan resmileri “Talyban” jeňçileriniň ýüzlerçesiniň demirgazyk-günbatardaky Badhyz welaýatynyň bir etrabyna zabt edip, onlarça hökümet esgerini we polisiýa ofiserini öldürendigini aýdýarlar.

Bala Murgabyň etap gubernatory Waris Şerzad “Talyban” 3-nji aprelde hüjüme başlaly bäri howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 30 agzasynyň öldürilendigini aýtdy. Ol söweşleriň dowam edýändigini hem sözüne goşdy.

Badhyzyň welaýat geňeşiniň başlygy Abdul Aziz Baig “Talyban” söweşijileriniň Bala Murgabyň hökümet edaralarynyň golaýyndaky howpsuzlyk-barlag nokatlarynyň birnäçesini ele geçirendigini aýtdy.

Ol diňe etrap polisiýa binalarynyň we Owganystanyň Milli goşunynyň bazasynyň hökümet kontrolynda galandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG