Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda sowet pidalarynyň jaýlanan ýerinden haçlaryň aýrylmagyna garşy 15 aktiwist tutuldy


Hristian demokratik partiýasynyň esaslandyryjy komitetiniň egindeş başlygy Paval Sevyarynets
Hristian demokratik partiýasynyň esaslandyryjy komitetiniň egindeş başlygy Paval Sevyarynets

Belarusyň polisiýasy sowet döwrüniň reperessiýalarynyň pidalarynyň hatyrasyna oturdylan onlarça agaç hajyň aýrylmagyna garşy protest bildiren aktiwistleriň we syýasatçylaryň azyndan 15-sini tussag etdi.

Haçlar Kurapatydaky hatyra künjeginden aýryldy, bu Minskiniň etegindäki tokaýlyk ýer bolup, sowet häkimiýetleri ol ýerde 1930-njy we 1940-njy ýyllarda öldürilen adamlaryň azyndan 30 müňüsini jaýlapdy.

4-nji aprel güni irden bu ýere sekiz ekskawator geldi we haçlary gazyp, goparmaga başlady. Birnäçe aktiwist ekskawatorlaryň işini togtatmaga synanyşdy we şol pursatda hem ara polisiýa goşuldy.

Tussag edilen aktiwistleriň arasynda oppozisiýadaky Ýaşlar frontynyň ozalky lideri Zmitser Daşkewiç; Hristian demokratik partiýasynyň esaslandyryjy komitetiniň egindeş başlygy Paval Sevyarynets; aktiwistler Dzyanis Urbanowiç we Pilip Şaurau dagy hem bar.

XS
SM
MD
LG