Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan türkmenleri jemgyýetde sowatlylygy artdyrmak boýunça täze kampaniýa girişdi


Demirgazyk Owganystanyň Balh welaýatynda etniki türkmen gyz çagalary çadyr mekdeplerde bilim alýardy.

Martyň soňky ongünlüginde Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda “Türkmenler öz çagalaryny mekdebe ýollasyn” atly kampaniýa girişildi. "Dünýä Türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sany şol kampaniýalar baradaky söhbetlere gönükdirilýär.

Martyň soňky ongünlüginde Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynda ýaşaýan etniki türkmenleriň arasynda “Türkmenler öz çagalaryny mekdebe ýollasyn” atly kampaniýa girişildi. Bu kampaniýa etniki türkmen çagalarynyň arasynda, hususan-da gyz çagalaryň arasynda sowatlylygy artdyrmak işlerine goşant goşmagy maksat edinýär. Kampaniýa Owganystandaky türkmenleriň “Oguzlar” atly jemgyýetçilik guramasynyň başlangyçlary bilen guramalaşdyrylýar. Bu kampaniýanyň çäginde 20-nji martda Jöwüzjan welaýatynyň Şybyrgan şäherinde sowatlylygy wagyz ediş çäresi geçirildi. Onda taýýarlanan widereportaž 27-nji martda Azatlyk Radiosynyň websaýtynda köpçülige ýetirildi.

Owgan türkmenleri jemgyýetde sowatlylygy artdyrmak boýunça täze kampaniýa girişdi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Dabara

Wideoda owgan türkmenleriniň arasynda, hususan-da gyzlaryň arasynda sowatllylygy artdyrmaga bagyşlanan çärä gatnaşyjy mekdep okuwçylary we wagyz ediş çäresiniň guramaçylygyna gatnaşan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdi, onuň dowamynda türkmençe aýdym-sazlar ýaňlandy:

“Owgan türkmenleri gyzlaryň arasynda bilim almagyna ünsi artdyrýarlar. Etniki türkmenleriň köpçülik bolup ýaşaýan Jöwüzjan welaýatynda “Türkmenler öz çagalaryny mekdebe ýollasyn” atly kampaniýa geçirildi. Owgan türkmenleriniň “Oguzlar” atly jemgyýetiniň guramaçylygynda we ýerli türkmen wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärä Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdylkadyr Maliýa ýardam berdi” diýip, Azatlykda çap edilen wideoreportažda gürrüň berildi.

Türkmen gyzlarynyň arasynda sowatlylygy artdyrmak işlerine goşant goşmagy maksat edinýän wagyz ediş çäresiniň dowamynda ýaş nesliň aktiw wekilleri çykyş etdi. Olaryň hatarynda Türkiýede ýokary bilim alan owganystanly etniki türkmen Zeýnep Daýy ýygnananlary çagalary, hususan-da gyz çagalaryny mekdebe ýollamak işlerine işjeň gatnaşmaga çagyrdy:

Owgan türkmenleri gyzlaryň bilim almagyna ünsi artdyrýarlar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:39 0:00

“Indi bolsa türkmeniň sesini ýetişdirjek diýýärsiňiz! Owal "hedefimiz" (maksadymyz – red.) näme? Şony bir kesgitläliň! Dünýä özümizi tanatmakmy, haykymyzy almakmy, ýa-da başga programmamy? Başga kowumlaryň gyzlary mekdebe gidýär, emma türkmen bolan gidip bilenokdy, “türkmen gyzlaryny mekdebe goýmazlar” diýip. Men hiç pille türkmen bolanyma münkir bolmadym. Men türkmen gyzy diýdim, “müjadele” etdim (göreşdim – red.), şu pillä çenli hem dowam edýärin. Hakymy her ýerden diledim-de, aldym-da, enşalla, owaly Huda, hakymy almaga dowam etjek” diýip, Zeýnep Daýy sowatlylygy wagyz ediş çäresinde eden çykyşynda aýtdy.

Zeýnep Daýynyň çykyşy owganystanly gyz çagalar üçin nusgalyk bolup durýar. Ol özüniň bilim almak ugrunda tutanýerli göreşendigini gürrüň berýär. Onuň daşary ýurtda alan ýokary bilimi muňa güwä geçýär.

Azatlygyň saýtynda çap edilen wideoda aýdylşy ýaly, şeýle kampaniýa owgan türkmenleriniň arasynda ilkinji gezek geçirilýär:

“Owgan türkmenleriniň gyz çagalaryna bilim bermek boýunça şeýle kampaniýa ilkinji gezek geçirilýär. Gündogar we demirgazyk Owganystanda owgan türkmenleriniň köpçülik bolup ýaşaýan welaýatlarynyň aglabasyna gözegçilik edýän jeňçiler gyz çagalaryň mekdebe gatnamagyna rugsat bermeýär. Emma şu ýyl Talyban gyzlaryň mekdebe gatnamagyny gadagan etmejekdigini aýtdy. Türkmen obalarynda mekdepler işläp başlady” diýip, Azatlygyň 27-nji martda tomaşaçylara ýetiren wideoreportažynda habar berildi.

Umyt

Ozalam bellenişi ýaly, bu kampaniýa owgan türkmenleriniň arasynda çagalary, ylaýta-da gyz çagalary mekdebe ýollap, jemgyýetde sowatlylygy artdyrmagy maksat edinýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Şamerdanguly Myradynyň 3-nji aprelde Kabuldan gürrüň bermegine görä, etniki türkmenleriň arasynda gyz çagalary mekdebe ýollamaga juda içgin höwes az. Ol soňky kampaniýanyň jemgyýetde gyz çagalaryň arasynda sowatlylygy artyrmak boýunça täsirli boljakdygyna umyt bildirdi:

“Şu kampaniýanyň esasy maksady, owgan türkmenleri hem öz çagalaryny, hususan-da gyz çagalaryny mekdeplere ugratsyn diýen äheňde bu kampaniýa başladyldy. Kampaniýanyň başladylmagynyň sebäbi türkmenleriň öz çagalaryny, hususan-da gyz çagalaryny mekdeplere kän ugratmaýanlygydyr. Gyz çagalaryň boýy ýetiberenden soň, olary mekdepden alyp galýarlar. Şony mekdepden alyp galmazlyk üçin, halka düşündiriş bermek üçin wagyz-nesihat kampaniýalary başladyldy. Bu diňe Jöwüzjan welaýatynda däl, beýleki welaýatlarda-da şeýle kampaniýalaryň geçiriljekdigini olary gurnaýyjylar aýdýarlar. Bu başlananda Jöwüzjan welaýatynda başlandy, elbetde, Farýap, Balh, Gunduz we türkmenleriň ýaşaýan beýleki welaýatlarynda-da şeýle kampaniýalaryň geçiriljekdigini aýdýarlar. Bu kampaniýa eýýäm özüniň netijesini hem berip başlapdyr. Şol kampaniýany gurnaýyjylaryň aýtmagyna görä, türkmenler şu ýylky täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen, öz gyz çagalarynyň hem mekdeplere adyny ýazdyryp, mekdeplere ugradyp başlapdyrlar, şondan duýgulanyp” diýip, Şamerdanguly Myrady gürrüň berdi.

Owgan türkmenleriniň wekillerinden senator Enwer Başlyk 3-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren intwerwýusynda agzalýan kampaniýalar barada şeýle gürrüň berdi:

Owganystanyň Helmand welaýatynda bir mekdepden pursat
Owganystanyň Helmand welaýatynda bir mekdepden pursat

“Dogrudan-da, bir hepde öň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda, Jöwüzjanyň Şybyrgan şäherinde türkmenler tarapyndan “Çagalaryňyzy mekdebe beriň” diýip, uly bir dabaraly ýygnak geçdi. Şol taýda, tutuş Jöwüzjan welaýatynyň obalaryndan etraplaryndan adamlar gatnaşyp, dabara geçiriji ýolbaşçylar tarapyndan halka düşündiriş berdiler. Esasan, türkmen ilimiz çagalaryny mekdebe az goşýarlar, gyzlary düýbünden mekdebe ugradanoklar. Şonuň üçin çagalaryňyzy mekdebe goýberiň diýip, uly ýygnak geçirildi. Bu ýygnak tutuş halk tarapyndan gowy garşy alyndy. Häzir obama-oba gidip, bular halkyň içinde, metjitlerde, namazlaryň yzyndan halka düşündiriş berýärler. Gyz we oglanyň hak-hukugy deňdir, gyzlaryňyzy mekdebe beriň diýip, tutuş Jöwüzjan welaýatynda wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Jöwüzjandan görüp, başga welaýatlarymyzda-da, Mazary Şeripde, Farýapda we başga-da türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinde häzir bu işi, kampaniýany alyp barýarlar. Hemme tarapdan goldanyp, gowy netije berip dur. Şonuň üçin şu dabara türkmenler tarapyndan Jöwüzjan welaýatynda dabara şekilli geçirildi” diýip, Enwer Başlyk gürrüň berdi.

Eýsem, wagyz-nesihat işlerine kimler has işjeň gatnaşýar. Il arasynda jemgyýetiň iň bir wawwaly meselesi boýunça düşündiriş işlerine kimler gatnaşýar.

Ýaşlar

Şamerdanguly Myradynyň gürrüň bermegine görä bu işe ýaşlar has aktiw goşulyşýar:

“Şu kampaniýany başladyjylar ýaşlar bolup durýar; okuwly, bilimli, intelligent ýaşlarymyz şu ugurda herekete geçip, şeýle kampaniýa girişdiler. Bu kampaniýa dowam etse, bähbitli bolar diýen pikirimiz bar, halkyň şeýle pikiri bar” diýip, Myrady aýtdy.

Enwer Başlygyň ynanjyna görä, ýaşlary şeýle kampaniýalary geçirmäge höweslendiren käbir sebäpler bar:

Motiwasiýa

“Ýuwaş-ýuwaşdan türkmenler-de görýär, başga milletleriň çagalary daşary ýurtlarda okap gelip, uly-uly wezipeleri alyp, öz ildeşlerine gelip kömek edýärler, gyzlar öz oba mekdeplerinde mugallym bolýarlarlar. Halkymyzda şeýle bir duýgy tapyldy, ýagny öz gyzlarymyzy okadyp, öz okadan gyzlarymyz hem ýene-de öz aýal doganlarymyzy okatmaga duýgy döredi, şonuň üçin kowum-garyndaşlarymyz muny goldap, hemmeler gyzlaryny köpräk mekdebe bermegi kabul etdi; häzir şu wagyz-nesihat işleri hemme obalarda geçip dur” diýip, Enwer Başlyk aýtdy.

Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdylkadyr Maliýanyň tagallalary ýaşlary höweslendirdi. Maliýanyň Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda welaýatda bilimi ösdürmek ugrunda alyp barýan işleri barada, entek edilmeli işler barada gysgaça gürrüň berdi:

“Türkmen kitaplary kem, näme üçin kem? Türkmen kitaplaryny biziň ussat mugallymlarymyz, türkmen dilinde bilim alan ussatlarymyz biziň mekdeplerimizde bolsa, olar türkmen dilinde sapak berip bilýär. Paştun kowumlaryndan, ýa täjik kowumlaryndan bize mugallym bolup barsalar, olar türkmen dilinde ýazylan kitaplardan ders berip bilmezler. Jöwüzjan welaýatyna orunbasar bolup...enşalla mundan beýläk muny “takyp edip” (yzarlap-red.) halkymyň “müşgilatyna” (derdine-red.) ýetişmäge [çalşaryn diýen] umydym bar" diýip, ol aýtdy.

Welaýat häkiminiň orunbasary owganystanly etniki türkmen Abdylkadyr Maliýa sowatlylyk ugrunda girişilen bu täze kampaniýany goldaýandygyny gürrüň berdi:

“Bu kampaniýa hem Owganystanymyzda, hem türkmen kowumlarymyzyň arasynda düşünjeliligi ösdürmek üçin öran ýagşy kampaniýa. Biziň Jöwüzjanymyzdaky Hampýap, Garkyn etraplarynda 100 prosent türkmen ýaşaýar. Ol ýerlerde biziň mugallymlarymyz özümizden bolsa...” diýip, Maliýa gürrüň berdi.

Täsir

Jöwüzjan welaýatynda ýerleşýän mekdepleriň birinde mugallymçylyk edýän Muhammetguly kampaniýanyň çäginde Şybyrgan şäherinde geçirilen dabaranyň özünde galdyran täsiri barada şeýle gürrüň berdi:

“Jöwüzjan welaýatynyň bir mugallymy bolýaryn. Bu dabaranyň örän täsiri bar. Näme üçin? Sebäbi, ýygnaga gatnaşan adamlar gowy ýerlerden gelen adamlar. Onuň üçin şol ýygnakda geplän adamlaryň, söz sözlän adamlaryň hemmesi ylymly şahsyýetler. Şonuň üçin şol ýygnaga gatnaşan diňleýijilere örän täsiri bar” diýip, Muhammetguly mugallym aýtdy.

“Türkmenler çagalaryny mekdeplere ugratsyn” diýen şygar astynda kampaniýa alnyp barylýar, ýöne Owganystanda mekdeplerde çagalary özüne çekýän nämeler bar, mekdepleriň ýagdaýy, onda berilýän bilimiň hili nähili!? Şamerdanguly Myrady bu soraga şeýle jogap berdi:

Mekdepler

“Owganystan nijeme ýyl bäri uruş-gowgany başdan geçirip dur, mekdeplerde okuwçylary, çagalary höweslendirer ýaly mümkinçilik ýok. Şoňa garamazdan, halk oglanlaryny, çagalaryny mekdeplere iberýär, iberip başladylar. Indi, şol Halkara çagalar fondy ýaly guramalar okuw kitaplaryny, depderçe, galam ýaly okuw esbaplaryny okuwçylara berýär. Aýratyn bir bellemeli tarapy, türkmenler köplenç etraplarda ýaşaýarlar. Etraplarda-da jeňçiler hereket edýär. Jeňçiler hem bu ýyl okuwçylara hiç zat diýilmejekdigini yglan etdi” diýip, Myrady gürrüň berdi.

Onuň salgylanynan mysalyna görä, demirgazyk Owganystanyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän Hamýap etraby tutuşlygyna Talyban jeňçileriniň gözegiçliginde, ýöne muňa garamazdan olar häzirki wagtda etrabyň mekdep okuwçylarynyň, oglan-gyzlaryň mekdebe gatnamagyna garşy çykmaýar.

“Şu bir gowy zat – jeňçileriň, ýagny Talybanlaryň-da şuňa garşy çykmazlygy, mekdep okwuçylarynyň mekdeplerde bilim almagyna mümkinçilik döredilmegi” diýip, Myrady aýtdy.

Talyban jeňçileriniň gyz çagalaryň bilim almagyna garşy edýän basyşlary mundan ozalky ýyllarda dünýä jemgyýetçiligine giňden mälim bolupdy.

Görelde

Pakistanly ýaş aktiwist Malala Ýusufzai Talyban jeňçileriniň gyzlaryň bilim almagyna böwet bolmak üçin ýöredýän duşmançylygyna garşy nusgalyk tutanýerlilik görkezdi. Ýusufzai 2009-njy ýylda heniz 11 ýaşynda wagty Pakistanyň Swat jülgesinde Talybanyň rehimsizligi barada, olaryň gyz çagalaryň bilim almagyna garşy ýöredýän duşmançylygy barada halkara neşirlerde blog çap edip başlaýar. Onuň käbir ýazgylary "Talyban" söweşijileriniň Swat jülgesindäki gyzlaryň mekdeplerini otlaýşyny suratlandyrypdy. 2012-nji ýylyň oktýabr aýynda Talyban jeňçileri Ýusufzaýini we klasdaşlaryny olar mikroawtobusda mekdepden gaýdyp gelýärkä tüpeňleýär. Malala şonda agyr ýaralanýar. Ýöne soňy bilen onuň saglygy dikelýär. Malala Ýusufzai gyz çagalaryň bilim almagy ugrunda görkezen batyrgaý nusgalyk hereketleri sebäpli birnäçe abraýly halkara sylaglara, şol sanda 2014-nji ýylda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak Ýusfzaýa çagalaryň erkin bilim almak ugrunda alyp baran göreşi sebäpli gowşuryldy.

Nobel baýragynyň ýeňijisi Malala Ýusufzai gyzlaryň bilim almagy ugrunda Talybanyň zulmuna garşy nusgalyk edermenlik görkezdi
Nobel baýragynyň ýeňijisi Malala Ýusufzai gyzlaryň bilim almagy ugrunda Talybanyň zulmuna garşy nusgalyk edermenlik görkezdi

Şamerdanguly Myradynyň gürrüň bermegine görä demrigazyk Owganystanda Talyban jeňçileri gyzlaryň mekdebe gatnap bilim almagyna garşy çykmany başlady. Ýöne munuň käbir şertleri bar. Haýsy şertler?

Bu soragyň jogabyna geçmezden ozal, goşmaça maglumat hökmünde gepiň gerdişine aýdylsa, Owganystanyň käbir welaýatlarynda we etraplarynda Talyban jeňçileri höküm ýöredýär.

"Hyjap" we "kostýum-jalbar"

Sapak okadýan mugallym zenanlar mekdebe boýanyp, özlerine serenjam berip barmaly däl, erkek mugallymlar “kostýum-jalbar” geýmeli däl, okuw programmalarynda dini mazmunly sapaklar hem okadylmaly we şuňa meňzeş käbir talaplar jeňçileriň hökmany hasaplaýan talaplarynyň arasynda agzalýar. Myrady bu barada gürrüň berýär:

“Olar (Talyban jeňçileri – red.) aýallar [mekdebe] dini başatgyçly, ýagny hyjaply gelsinler, bir-de aýallar mugallymlar özlerini boýamasynlar diýip, buýruk beripdiler, ýagny olara gözellik salonlaryna baryp, özlerine serenjam bermezligi tabşyrypdyrlar, erkek mugallymlara bolsa, “kostýum-balak” geýmezligi, mysal üçin, milli eşikleri bar owganystanlylaryň, şol eşikler bilen mekdeplere barmagyny tabşyryk beripdir” diýip, Myrady aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Talyban mekdeplerde berilýän bilimiň mazmunyna-da dahylly bolýar; olar okuw programmalaryna dini mazmuny giriziýär, ýöne şol bir wagtyň özünde owgan hökümetiniň Magaryf ministrliginiň çap eden kitaplarynyň-da mekdeplerde okadylmagyna garşy çykmaýar.

Mazmun

“Bilimiň mazmunyna-da goşulypdyrlar, yslamy mazmun girizipdirler, yslamy mowzuklar şonda okadylsyn diýip, özleri şeýle mazmun girizipdir Talyban tarapyndan, elbetde Talybanyň hereket edýän etraplarynda. Ýöne, hökümediň, ýagny Owganystanyň Magaryf ministrligi tarapyndan çap edilen kitaplaryň hem okadylmagyna päsgelçilik döretmändirler” diýip, Myrady gürrüň berdi.

Owgan türkmenleriniň wekillerinden Enwer Başlyk öz kowumdaşlaryny şu kampaniýa höwesli gatnaşmaga çagyrýar, “ýaşlar biziň gelejegimizdir” diýýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG