Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Haftaryň güýçlerini Tripolä tarap süýşmegini togtatmaga çagyrdy


"Men Liwiýany ýüregim ünjüli we uly alada bilen terk edýärin" diýip, A.Guteeiş twitterde ýazdy.
"Men Liwiýany ýüregim ünjüli we uly alada bilen terk edýärin" diýip, A.Guteeiş twitterde ýazdy.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwiýanyň goşun komandiri Khalifa Haftary öz güýçlerini Tripolä, BMG-niň arka durýan hökümetiniň kontrollygynda astynda ýerleşýän şähere tarap ilerletmegini togtatmaga çagyrdy.

5-nji aprelde bolan adatdan daşary duşuşykdan soň, geňeş Haftaryň Liwiýa milli goşunynyň harby hereketleriniň ýurduň durnuklylygyny töwekgellik astynda goýýandygyny duýdurdy.

German ilçisi, häzir Howpsuzlyk geňeşiniň prezidenti bolup durýan Kristoph Heusgen ýapyk gapylaryň arkasyndan geçirilen sessiýadan soň žurnalistlere geňeşiň “Liwiýa milli goşunyny ähli harby hereketlerini togtatmaga” çagyrandygyny aýtdy.

Geňeş olary mundan aňryk boljak islendik zorluk üçin jogapkär hasaplajakdygyny aýtdy. Geňeşiň beýanaty BMG-niň Baş sekretaty Antonio Guterrişiň Bengazide Haftar bilen, ganly raýat urşunyň öňüni almak üçin Tripolä göni hüjüm edilmegini togtatmak ugrundaky tagallalaryň çägindäki duşuşygynyň yz ýanyndan edildi.

"Men Liwiýany ýüregim ünjüli we uly alada bilen terk edýärin. Men şindem Tripoliniň içinde we töwereginde bolmagy ahmal ganly gapma-garşylykdan sowlup bolar diýip umyt edýärin” diýip, ol duşuşykdan soň twitterde ýazdy.

XS
SM
MD
LG