Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serbiýanyň hökümete garşy demonstrasiýaçylary protesti şäher geňeşiniň binasyna, Pink TW-ä ýetirdiler


Serb protestçileri. Arhiw suraty
Serb protestçileri. Arhiw suraty

Serbiýanyň paýtagty Belgradda tapgyr 18-nji hepde hökümete garşy ýöriş geçirýän protestçilar 1941-nji ýylda, Ikinji Jahan urşy mahalyndaky paýtagt bombalamasynyň pidalarynyň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk etdiler.

Protestçiler 6-njy aprelde esasy hökümet binasynyň öňünde toplanyp, soňra şäher geňeşiniň jaýyna tarap ýöriş etdiler we ol ýerde şäher merkezindäki gurluşyk meýdançalaryndan ýyganala materiallardan barrikada ýasadylar.

Serbler Belgradda we beýleki şäherlerde, öz sözleri bilen aýdylsa, prezident Aleksandar Wuçiçiň awtokratik dolandyryşyna garşy protest bildirýärler we has giň metbugat azatlygyny hem-de adalatly saýlawlary talap edýärler.

Wuçiç özüniň hökümete garşy protestçiler tarapyndan gorkuzylyp bilinmejegini aýdýar we olaryň liderlerini “faşistler, bozgaklar we ogrular” diýip häsiýetlendirýär.

Oppozisiýa liderleri soňky demonastrasiýadahökümetçi neşir hasaplanylýan Pink TW-siniň baş binasyna baryp, öldürilen kosowa serb lideri Oliwer Iwanowiçiň hatyrasyna gül çemenini goýdular. Ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda Mitrowisede, Kosowanyň albanlaryň köplükde, serbleriň azlykda ýaşaýan şäherinde ýerleşýän partiýa edarasyna gelende atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG