Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan Hindistanyň F-16 uçaryny ýykdym diýýäni ‘ýalan’ diýýär


Pakistanyň premýer ministri Imran Han
Pakistanyň premýer ministri Imran Han

Pakistanyň premýer ministri Imran Han Hindistanyň fewraldaky harby gapma-garşylyk mahalynda Pakistanyň F-16 uçaryny urup ýykdym diýýäniniň “ýalandygy” subut edildi diýdi.

Birleşen Ştatlarda ýerleşýän “Foreign Policy” žurnaly 4-nji aprelde hasabat çap edip, ABŞ resmileriniň “Pakistanyň söweş uçarlarynyň ählisi öz ornunda” diýen sözlerine salgylandy.

“Hakykat hemişe aýan bolar we bu iň gowy syýasat” diýip, Han 6-njy aprelde twitterde ýazdy.

Han “galp beýanatlaryň” Hindistanyň premýer-ministri Narenda Modiniň hökümetiniň “uruş dowluny gamçylamak arkaly” gelýän saýlawlarda ýeňiş gazanmak synanyşygy bolandygyny aýtdy.

Hindistan 11-nji aprelde umumy saýlawlary geçirýär.

Hindistanyň Howa güýçleri “Foreign Policy” žurnalynyň hasabatyny ret etdi we özlerinde Pakistanyň urlup ýykylan F-16 uçary barada subutnamanyň bardygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG