Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň DIM-niň başlygy Hindistan harby hüjüme taýýarlanýar diýýär


Pakistanyň daşary işler ministri Mahmood Kureşi. Arhiw suraty
Pakistanyň daşary işler ministri Mahmood Kureşi. Arhiw suraty

Pakistanyň daşary işler ministri Mahmood Kureşi özünde ynamdar aňtaw maglumatynyň bardygyny, Hindistanyň şu aýda öz ýurduna hüjüm etjekdigini we bu barada BMG-ni habarly edendigini aýdýar.

Kureşi 7-nji aprelde ýurduň günortasyndaky Multan şäherinde bu hüjümiň 16-20-nji aprel aralygynda boljakdygyny aýtdy.

Ol bu hüjüm barada özünde bar bolan maglumaty doly açmady, emma premýer-ministr Imran Hanyň bu habary jemgyýetçilige ýetirmäge razylyk berendigini aýtdy.

Kureşi Pakistanyň hüjüm ähtimallygy baradaky habary BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň bäş hemişelik agzasyna hem ýetirendigini aýtdy.

Hindisatnyň Daşary işler ministrligi Pakistanyň aýdýan zatlaryna bada-bat jogap bermedi.

XS
SM
MD
LG