Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri bilen ‘Talybanyň’ arasyndaky söweş tapgyr bäşinji güni dowam edýär


Owganystanyň Milli armiýasynyň esgeri

“Talyban” Owganystanyň demirgazyk-günbataryndaky Badgys welaýatyna güýçli hüjümlere başlandan soňra, owgan güýçleri bilen söweşijileriň arasyndaky söweş tapgyr bäşinji güni dowam edýär.

8-nji aprelde Owganystanyň Goranmak ministrligi beýanat ýaýradyp, soňky 48 sagadyň dowamynda Bala Murgap etrabyndaky çaknyşyklarda hökümetiň howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 12 işgäriniň ölendigini mälim etdi.

Ministrlik “Talybanyň 99 sany terroristi” öldürilen mahaly, hökümet güýçleriniň başga-da 10 esgeriniň we 24 sany polisiýa işgäriniň ýaralanandygyny aýtdy.

Çaknyşyklar 3-nji aprelde giçlik “Talybanyň” ýüzlerçe söweşijisi Bala Murgap etrabyna çozup giren mahaly başlady.

Hepdäniň ahyrynda gury ýer güýçlerini goldamak maksady bilen, owgan we NATO güýçleri howa zarbalaryny amala aşyrdylar.

Welaýat geňeşiniň agzasy Mohammad Nasir Nazariniň aýtmagyna görä, armiýanyň bölümleri we polisiýanyň ýörite birleşikleri etraby söweşijilerden arassalamaga synanyşýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG