Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik sudy Yslamcy partiýanyň öňki agzasyny 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi


 Naimjon Samiýew
Naimjon Samiýew

Täjik sudy Täjigistanyň gadagan edilen yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň ozalky agzasyna gapma-garşylykly ekstremizm sudundan soň 15 ýyl türme tussaglygy hökümini çykardy.

Geçen ýyl gümürtik ýagdaýlarda Orsýetden Täjigistana dolanyp gelen Naimjon Samiýewiň sud hökümi 9-njy aprelde, ýurduň demirgazygyndaky Hojand şäherinde okaldy. Hukuk goraýjy aktiwistler onuň rus häkimiýetleri tarapyndan zor bilen yzyna, Täjigistana ugradylandygyny aýdýarlar.

56 ýaşyndaky Samiýew bikanun ýarag saklamakda, ekstremist topar gurnamakda, jenaýatçy toparyň işine gatnaşmakda günäli tapyldy. Bu aýyplamalar onuň bir zaman meşhur syýasy gurama bolan Yslamçy gaýtadan döreýiş partiýasynyň agzasy bolmagyndan uç alýar. Soň täjik häkimiýetleri bu partiýany terrorçy topar hökmünde gadagan etdiler we bu ýagdaý hukuk goraýjy toparlar tarapyndan berk tankyt edildi.

XS
SM
MD
LG