Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda halkara saglyk maslahaty geçirilýär


Täze alnan "Tiz kömek" maşyny. Mary. Arhiw suraty
Täze alnan "Tiz kömek" maşyny. Mary. Arhiw suraty


9-njy aprelde Aşgabatda Bütindünýä saglyk guramasynyň Ýewropa sebitiniň «Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly maslahaty öz işine başlady diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, bu maslahata Ýewropa sebitiniň 44 ýurdunyň wekilleri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary, görnükli alym-lukmanlar gatnaşýar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek barada maslahat edýärler diýip, habarda aýdylýar.

Maslahatyň dowamynda çilimkeşlik, alkogolly içgileri içmek, semremek, sagdyn däl iýmitlenme, az hereket etmek, gipertenziýa we diabet ýaly meseleleri çözmek hakynda hem pikir alşylar.

Bu maslahat Türkmenistanda möhleti geçen dermanlaryň satylýandygy, ýurtda derdine em tapmaýan adamlaryň daşary ýurtlara saglyk syýahatyna gitmeginiň kada öwrülýändigi baradaky habarlaryň fonunda geçirilýär.

XS
SM
MD
LG