Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sudanyň prezidenti Omar al-Başir tussag edildi, ýurda harbylar gözegçilik edýär


Sudanly protestçiler.

Sudanyň prezidenti Omar al-Başir 30 ýyllyk dolandyryşyna garşy dört aýa golaý dowam eden protestlerden soň wezipesinden çetleşdirildi we tussag edildi diýip, Goranmak ministrligi aýtdy.

Awad ibn Ouf 11-nji aprelde TW-de çykyş edip, Başiriň tussag edilendigini we “howpsuz ýerde” saklanylýandygyny, harby geňeşiň saýlawlara çenli iki ýyllyk geçiş döwri gözegçiligini amala aşyrjagyny aýtdy.

Paýtagt Hortumda toplanan müňlerçe adam goşun edaralarynyň töwereginde ýygnandy, bu ýerde indi tapgyr altynjy gün oturma protesti geçirilýär.

1989-njy ýylda döwlet agdarylyşygy netijesinde häkimiýet başyna gelen Başire garşy protestler dekabrdan bäri dowam edýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG