Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Slowak žurnalistini öldüren adam günäsini boýun aldy


Ýan Kuçagyň mazar daşy
Ýan Kuçagyň mazar daşy

Slowakiýanyň derňewçi žurnalisti Ýan Kuçagy (Jan Kuciak) öldürmekde aýyplaýan adam ony tüpeňländigini boýun aldy diýip, Slowakiýanyň RTVS telewizion kanaly we aktualne.sk habar saýty 11-nji aprelde polisiýa çeşmelerine salgylanyp habar berdi.

Žurnalistler ol adamyň adynyň Miroslaw Marsekdigini, ozalky professional esgerdigini habar berdiler.

Geçen ýyl korrupsiýa garşy göreşýän žurnalist we onuň nyşanlysy Martina Kusnirowanyň atylyp öldürilmegi uly protestlere alyp geldi we premýer-ministr Robert Fisonyň işden çekilmegine sebäp boldy.

Kuçak Italiýanyň guramaçylykly jenaýat toparlary bilen slowak syýasatçylarynyň arasynda bar diýilýän baglanyşygy derňeýän wagtynda, öz nyşanlysy Kusnirowa bilen Bratislawadaky öýlerinde atylyp öldürildi.

Pidalaryň ikisem 27 ýaşyndady. Olaryň ölümi bilen baglylykda bäş adama aýyp bildirildi.

XS
SM
MD
LG