Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi täze şäheriň düýbüniň tutuluşyny görkezýän suratlary çap etdi


Fransiýanyň Türkmrenistandaky ilçisi Fransua Delaus Ahal welaýatynyň täze paýtagtynyň düýbüniň tutulyşyny surata düşürdi.

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Fransua Delaus ilçihananyň resmi saýtynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze şäheriň düýbüni tutuşyndan düşürilen suratlary çap etdi.

TDH 10-njy apreldedüýbi tutulan şäheriň 70 müňden gowrak hojalyga niýetlenendigini,onda kottejleriň we köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 400-den gowragynyň guruljagyny habar berdi.gurlar.

Neşiriň maglumatynda görä, täze welaýat merkezinde her biri 320 orunlyk 10 sany çagalar bagy, hersi 720 okuwça niýetlenen 19 sany orta mekdep, başlangyç we orta hünär mekdebi, iki sany sungat mekdebi bina ediler.

“Türkmenistanyň Hronikasy” saýty fransuz ilçisiniň bu suratlaryň aşagyna ýazan ýazgysynda täze şäheriň dört ýylyň içinde guruljakdygyny nygtandygyny belleýär.

Şeýle-de neşir suratlarda prezidentiň köp sanly goragçylarynyň göze ilýändigine, bu ýagdaýyň döwlet telewideniýesiniň reportažlaryna düşmeýändigine ünsi çekýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG