Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Öňki prezidentlige kandidat Babanow Bişkege dolanmagy goýbolsun etdi


Ömurbek Babanow

Gyrgyzystanyň ozalky prezidentlige kandidaty, garşysyna jenaýat derňewi açylandan soň ýurtdan gaçan iş adamy yzyna dolanmak baradaky planlaryny goýbolsun etdi.

Ömurbek Babanow haýsydyr bir “üçünji güýçleriň” öz Bişkege dolanmagyny gozgalaň turuzmak üçin ulanmak ähtimallygy baradaky aladalar esasynda saparyny goýbolsun edendigini aýtdy diýip, AKIpress 13-nji aprelde habar berdi. Şeýle-de ol öz goldawçylaryny özüne arka durmak üçin ýygnanyşmazlyga çagyrdy.

Biraz öňBabanow feýsbukda özüniň Moskwadan Bişkege gelmek üçin uçar biletleriniň bardygyny, Bişkege 13-nji aprel güni irden gelmekçidigini aýtdy.

2017-nji ýylyň oktýabrynda prezident saýlawlarynda ikinji bolan iş adamy Babanow ýurtdan häkimiýetler öz garşysyna jenaýat işini açanlaryndan soň gitdi. Ol şonda saýlaw kampaniýasy döwründe etniki duşmançylyga meçew bermekde aýyplandy.

Resmiler Babanowyň pitne esasynda häkimiýeti eýelemegi planlaşdyrmakda güman edilendigini aýtdylar.

Babanow öz feýsbukdaky beýanatynda we 10-njy aprelde efire berlen telesöhbetdeşliginde özüniň ýurda meýletin dolanyp gelýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG