Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbek prezidentiniň gyzy Döwlet media agentliginiň başlygynyň orunbasary boldy


Saida Mirziýoýewa
Saida Mirziýoýewa

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň uly gyzy prezidentiň täzelikde döreden Metbugat we maglumat agentliginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.

Täze gurama kommunikasiýa we media düzgünlerine gözegçilik eder diýip, agentlik 12-nji aprelde habar berdi.

Prezident diwanynyň başlygy Zainilobiddin Nizomiddinow Daşkentdäki resmi ýygnanyşykda Saida Mirziýoýewanyň “Özbegistanyň daşary ýurtlardaky oňyn at-abraýyna” we “döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryna” jogapkär boljakdygyny aýtdy.

Mirziýoýewa Merkezi Aziýa liderleriniň ýokary hökümet wezipelerine bellenen çagalarynyň toparçagyna goşulýar.

Geçen aý Gazagystanyň öňki prezidentiniň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa kakasy işden çekilenden soň parlamentiň ýokary palatasynyň spikerligine saýlandy.

Mirziýoýewiň iki gyzy, bir ogly bar. Onuň ikinji gyzy bilim ministrliginde işleýär.

XS
SM
MD
LG