Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti gurluşyk boýunça orunbasaryny täzeledi, käýinç we duýduryş paýlady


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çoganlyda gurlan täze jaýlary synlaýar. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Çoganlyda gurlan täze jaýlary synlaýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde nobatdaky kadr çalşygyny geçirdi, käýinç yglan etdi.

Hökümetiň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew başga işe geçmegi sebäpli wezipesinden boşadyldy.

Onuň ýerine ozal energetika ministri bolup işlän Çarymyrat Purçekow bellenildi.

Ýurduň energetika ministri wezipesine ozal bu ministrligiň Owganystandaky wekilhanasynyň başlygy bolan Myrat Artykow bellenildi.

"Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy wezipesi ozal bu edarada başlygyň orunbasary bolan Japarguly Orazowyň üstüne ýüklendi, öňki başlyk Döwletdurdy Hajyýewiň “işde goýberen kemçilikleri üçin” wezipesinden boşadylandygy habar berilýär.

Şeýle-de prezident “Türkmenstandartlarynyň” başlygy Merdan Kakabaýewe, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň başlygy Serdar Çolukowa, Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmet Baýramgulyýewe, Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýewe “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” käýinç yglan etdi.

Türkmenistanda prezident tarapyndan bellenilýän ýokary derejeli ýolbaşçylara käýinç bermek, olary ýygy-ýygydan çalyşmak indi tas otuz ýyl bäri üýtgewsiz dowam edýär.

XS
SM
MD
LG