Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda partladylmadyk minomýot okunyň partlamagy netijesinde ýedi çaga öldi


2010-njy ýylda Herat welaýatynyň Kohsan etrabyda “Halo Trust” toparynyň agzasy sowetlere garşy uruş döwründe mujahedinler tarapyndan ýerleşdirilendigi aýdylýan minanyň üstüni açýar.
2010-njy ýylda Herat welaýatynyň Kohsan etrabyda “Halo Trust” toparynyň agzasy sowetlere garşy uruş döwründe mujahedinler tarapyndan ýerleşdirilendigi aýdylýan minanyň üstüni açýar.

Owgan resmisi ýurduň gündogarynda partladylmadyk minomýot oky partlan mahaly, azyndan ýedi çaganyň ölendigini we başga-da sekiz sanysynyň ýaralanandygyny aýtdy.

Bu waka 14-nji aprelde ýurduň günortasyndaky Laghman welaýatynyň paýtagty Mihterlamyň golaýyndaky obada boldy.

Welaýat häkimliginiň metbugat wekili Assadullah Dawlatzaýiň sözlerine görä, häzirki wagt häkimiýetler çagalaryň minomýot okuny nädip tapandygyny we onuň näme sebäpden partlandygyny derňeýärler.

Dawlatzaý partlamada ölen we ýaralanan çagalaryň ählisiniň 15 ýaşyň aşagyndadygyny we ýaradar bolan çagalaryň azyndan dört sanysynyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Mina garşy gullugynyň 2017-nji ýylda beren maglumatyna görä, uruşdan galan minalar we partladyjy serişdeler sebäpli Owganystanda her aý 150 çemesi adam ýaralanýar ýa-da ölýär.

XS
SM
MD
LG