Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Finlýandiýanyň parlament saýlawlarynda çepçi partiýa gysby ýeňiş gazandy


Sosial demokratik partiýanyň lideri Antti Rinne

14-nji aprelde Finlýandiýada geçirilen umumy parlament saýlawlarynda oppozision Sosial demokratik partiýa gysby ýeňiş gazanandan soňra, ýurtda dartgynly koalisiýa gepleşikleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Sosial demokratik partiýanyň lideri Antti Rinne 15-nji aprelde çykyş edip, täze hökümetiň maý aýynyň ahyryna çenli düzülmegini umyt edýändigini, ýöne munuň umumy esaslara baglydygyny aýtdy.

Soňky netijelere görä, saýlawlarda çepçi sosial demokratlar sesleriň 17,7 prosentini alyp, birinji orunda barýar. Aşa-sagçy Finns partiýasy sesleriň 17,5 prosentine eýe bolup, ikinji boldy.

“1999-njy ýyldan bäri biz Finlýandiýada ilkinji gezek iň uly partiýa bolduk” diýip, sesleriň netijeleri yglan edilenden soň, Rinne aýtdy.

Muňa garamazdan, hiç bir partiýa anyk tapawutlanan ýeňşi gazanmandygy üçin işe ýarawly koalisiýany düzmek kyn bolup biler.

Bu soňky bir asyryň dowamynda geçirilen umumy saýlawlarda hiç bir partiýanyň 20 prosentden köp sesi almazlygy bilen bagly ilkinji wakadyr.

Finlýandiýada Sosial demokratik partiýasy häkimiýetdäki koalisiýa tarapyndan güýje girizilen çykdajylary azaltmak çäresine garşy kampaniýa alyp bardy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG