Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistanyň, Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Moskwada gepleşikleri geçirýär


Azerbaýjanyň daşary işler ministri Elmar Mammadyarow (sagdan birinji) we Ermenistanyň daşary işler ministri Zohrab Mnatsakanian (sagdan ikinji) we Konflikte çözgüt tapmaga araçy hökmünde düzülen ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary

Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Azerbaýjanyň separatist Daglyk-Garabag regiony bilen bagly konflikt boýunça Moskwada gepleşiklere başladylar.

Zohrab Mnatsakanian bilen Elmar Mammadýarowyň arasyndaky gepleşiklere Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow beýemçilik edýär we bu duşuşyk “Daglyk-Garabaga degişli meseleleri sazlamaga bagyşlanar” diýlip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de, beýanatda 15-nji aprelde irden Moskwada Mnatsakanianyň Lawrow bilen ikiçäk gepleşikleri geçirendigi hem bellenildi.

Konflikte çözgüt tapmaga araçy hökmünde düzülen ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary, ilçiler - Orsýet Federasiýasyndan Igor Popow, ABŞ-dan Andrew Schofer, Fransiýadan Stephane Visconti – hem ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşýarlar diýlip, beýanatda aýdylýar.

Aglaba etniki ermenileriň ýaşaýan Daglyk-Garabag regiony 1988-1994-nji ýyllardaky uruş döwründe Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan etdi. Bu uruşda 30 müň çemesi adamyň ölendigi we ýüz müňlerçe adamyň öýlerini terk edip, başga ýere göçmäge mejbur edilendigi aýdylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG