Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Tripoli üstündäki söweşlerde 174 adam öldürildi


Tripolide BMG tarapyndan goldanylýan hökümeti goraýan milisiýa güýçleriň agzalary. Arhiwden alnan surat

BMG-niň Saglyk guramasy Liwiýanyň paýtagty Tripoliniň üstünde garşydaş milisiýa güýçleriniň arasynda barýan söweşler netijesinde azyndan 174 adamyň öldürilendigini aýdýar.

Bütindünýä saglyk guramasy özlerine Liwiýanyň milli goşuny diýip at berenleriň 5-nji aprelde başlan esasy harby hüjümlerinden bäri 758 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

“Bütindünýä saglyk guramasy şikes ýeten adamlary kabul edýän keselhanalara ýardam bermek maksady bilen, saglyk merkezlerine goşmaça hirurgiýa işgärlerini ýerleşdirdi” diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň edarasy Twitter sosial ulgamynda ýazdy.

18 müňden gowrak adamyň söweş zerarly ýaşaýan ýerinden gaçandygy, soňky 24 sagadyň dowamynda olaryň sanynyň 2500-e barabar bolandygy, BMG-niň 15-nji aprelde ýaýradan maglumatynda bellenilýär.

Liwiýa gündogardaky we günbatardaky bäsdeş iki hökümetiň arasynda bölündi, olaryň ikisi hem aýry-aýry milisiýa güýçleri tarapyndan goldanylýar.

Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne Khalifa Haftar komandirlik edýär, ol Tripolide BMG tarapyndan goldanylýan hökümeti goraýan milisiýa güýçlerine garşy söweşýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG