Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýanyň kanslerine gyrgyz prezidenti bilen duşuşygynda adam hukuklary meselesini gozgamaga çagyryş edildi


Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we Bawariýanyň döwlet kansleri Florian Hermann. 15-nji aprel, 2019 ý.
Gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekow we Bawariýanyň döwlet kansleri Florian Hermann. 15-nji aprel, 2019 ý.

16-njy aprelde Berlinde gyrgyz prezidenti Sooronbaý Jeenbekowyň Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar. Bu duşuşyk, Gyrgyzystanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak barada Jeenbekowa basyş etmegi üçin aktiwistler tarapyndan nemes kanslerine çagyryşlar edilýän mahaly geçirilýär.

Jeenbekow 2017-nji ýylda prezident wezipesine girişeni bäri Germaniýa ilkinji gezek sapar edýär. Ol bu saparynyň çäginde Gyrgyzystanyň sosial we ykdysady ösüşine Germaniýadan has köp goldaw gazanmagy maksat edinýär.

Human Rights Watch (HRW) guramasy özüniň 12-nji aprelde ýaýradan beýanatynda Merkele Jeenbekow bilen geçirjek gepleşiklerinde Gyrgyzystanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gozgamaga çagyrdy.

“Germaniýanyň liderleri Jeenbekowyň adam hukuklarynyň beýleki kök uran meselelerini çözmegi üçin öz basyşlaryny dowam etdirmegi zerurdyr” diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şol bir wagtda, beýanatda gyrgyz parlamentiniň öz pikiriňi erkin beýan etmäge howp abandyryp biljek “daşary agentler” baradaky kanuny ret etmegi ýaly käbir “oňyn ädimleriň” bolandygy hem tassyk edilýär.

XS
SM
MD
LG