Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Dumasy jedelli kanun taslamasyny oňlady


Moskwada adamlar bu kanun taslamasyna garşy çykyş edip, ýöriş geçirýärler. 10-njy mart, 2019 ý,

Rus parlamentiniň aşaky öýi üçünji we gutarnykly ses berişlikde jedelli kanun taslamasyny oňlady. Tankytçylar bu taslama prezident Wladimir Putiniň hökümetiň internete edýän kontrollygyny giňeltmek baradaky synanyşygynyň bir bölegi diýýärler.

Teklip edilen we tankytçylaryň giň gerimli senzuranyň täze döwrüniň jarçysy bolmagy mümkin diýip howatyr etmegine getiren kanun taslamasyny Dumanyň kanun çykaryjylary 16-njy aprelde 307:68 hasabynda oňladylar.

Parlamentde geçmeli ikinji çekişme düzedişler tamamlananyndan soňra bolar. Taslama Putin tarapyndan gol çekilip, kanuna öwrülmezden öň parlamentiň ýokarky öýüne, Federal geňeşe gider.

“Özbaşdak internet” diýip atlandyrylýan kanun taslamasynda internet saýtlarynyň gatnawynyň we maglumatlaryň döwletiň kontrollygyndaky nokatlardan geçmegi we içeri domain-at sistemasynyň döredilmegi talap edilýär.

Bu kanuny goldaýanlaryň pikiriçe bu iş internetiň rus bölegi diýilýäne -RuNet- öňküsinden köp özbaşdaklyk getirer. Olar şeýle hem bu Orsýeti mümkin kiber hüjümlerinden goramak üçin zerur diýip delil getirýärler.

Tankytçylaryň pikiriçe bolsa bu kanun Orsýetde internet erkinligine agyr zarba bolup deger. Teklip edilen göçüm öten aý Moskwada müňlerçe adamyň protest geçirmegine sebäp boldy.

Täze kanunda ýörite enjamlaryň oturdylmagy talap edilýär. Bu hem hökümet tarapyndan gadagan edilen web sahypalaryny has täsirli petiklemegi aňsatlaşdyrar.

Orsýetiň mediany düzgünleşdiriji guramasy Roskomnadzoryň öten hepde aýtmagyna görä, täze kanun halk tarapyndan has köp ulanylýan habarlaşyk programmalaryny nyşana alar.

9-njy aprelde Aleksandr Žarow TASS habar gullugyna kanun “gadagan maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alar” diýdi.

Oňa salgylanylyp berlen maglumatda: “bökdemegiň elementleriniň biriniň” onlaýn çeşmelerine, şol sanda Telegram habarlaşyk programmasyna “garşy göreşjekdigi” belli diýilýär.

Roskomnadzoryň habarlaşyk programmasyny petiklemek üçin alyp barýan synanyşyklaryna gözegçilik edýän bir Telegram kanalynyň bildirmegine görä, azyndan dört sany internet neşiri, şol sanda hökümete degişli gazet “Rossiiskaýa Gazeta” hem onuň bu beýanatyny öz sahypasyndan öçüripdir.

Telegram rus kazyýetiniň şifrlenen maglumatlary howpsuzlyk gulluklaryna elýeterli etmek baradaky kararyndan boýun gaçyransoň, Orsýet 2018-nji ýylyň aprelinde ony petikledi.

“Amnesty International” guramasy hökümet işgärleri we şol derejede hem Kremliň garşydaşlary tarapyndan ulanylýan Telegramy petiklemek Orsýetde “internetde söz azatlygyna edilýän tapgyrlaýyn hüjümleriň iň soňkusy” bolar diýdi.

Köp sanly orsýetliler köçelere çykyp, Kremliň bu programmany dymdyrmak baradaky synanyşyklaryna protest bildirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG