Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HWF-nyň bilermenleri Türkmenistana eden soňky saparlarynyň netijeleri boýunça beýanat ýaýratdy


Halkara walýuta fondunyň nyşany
Halkara walýuta fondunyň nyşany

Golaýda Halkara walýuta fondunyň missiýasy Türkmenistanyň ykdysady ösüşlerine we maliýe ýagdaýlaryna baha berip, ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýurda sapar etdi.

Saparyň jemleri barada missiýanyň ýolbaşçysy Natali Tamirisa pul gaznasynyň resmi websaýtynda 10-njy aprelde beýanat çap etdi.

“Türkmenistanyň hronikasy” neşiriniň resmi beýanata salgylanyp çap eden makalasynda, fonduň hünärmenleriniň türkmen hökümetine import gadagançylygyndan el çekmegi maslahat berendigi aýdylýar.

Beýleki tarapdan, Türkmenistanyň döwlet habar gullugy beýanata salgylanyp beren habarynda, Halkara pul gaznasynyň ýurtda geçirýän barlaglarynyň we çaklamalarynyň “Türkmenistanda ykdysady ösüşiň dowam edýändigine güwä geçýändigini” öňe sürýär.

Halkara walýuta fondunyň hünärmenleri 26-njy mart – 9-njy aprel aralygynda Aşgabada sapar edip, onuň dowamynda ýokary wezipeli hökümet resmileri, maliýe we biznes pudagynyň wekilleri hem-de diplomatik gulluklaryň agzalary bilen duşuşdy.

“Hususy goýumlary we sarp edişi gysan daşary ýurt walýuta dolanyşygyna degişli düzgünlerden has köp peýdalanylmagynyň hem-de döwlet inwestisiýalarynyň azalmagynyň netijesinde ykdysadyýet haýallady” diýip, beýanatda aýdylýar.

“Türkmenistanyň hronikasy” bu belligiň, ahmal, suw gaz we elektrik energiýasy ýaly ýeňillikleriň ýatyrylmagyndan soň, ilatyň sarp ediş ukybynyň pese gaçmagyndan ugur alýandygyny belleýär.

Neşiriň beýanata salgylanyp berýän maglumatyna görä, 2017-nji ýylda 7.7 milliard dollara barabar bolan türkmen önümleriniň eksporty 2018-nji ýylda 9.2 milliard dollara deň boldy. Munuň bilen bir hatarda, 2017-nji ýylda Türkmenistana daşary ýurtlardan 10 miliard dollarlyk haryt import edilen bolsa, 2018-nji ýylda bu 5 milliard dollara düşdi. Ýöne 2019-njy ýylda importyň ýene-de 7.4 milliard dollara çykjakdygy çaklanýar.

Neşir daşary ýurt maýadarlarynyň türkmen ykdysadyýetine göni gatanjynyň 2015-nji ýyldan bäri ýyl-ýyldan barha pese gaçýandygyna ünsi çekýär. Bu görkeziji 2015-nji ýylda jemi içerki önümiň 8.6 prosentine barabar bolan bolsa, ondan soňky ýyllarda degişlilikde, 5.4 %, 4 % we 3.7%-e deň boldy.

Halkara walýuta fondunyň bilermenleri 2019-njy ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6.3 %-e barabar boljakdygyny aýdýar. Beýleki tarapdan, Aziýanyň ösüş banky soňky çap eden hasabatynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6 %-e deň boljakdygyny çaklady.

Türkmenistan energiýa serişdeleriniň bahalarynyň global derejede arzanlamagy hem-de esasy ýangyç eksport ugurlaryny ýitirmek bilen, soňky iki ýyla golaý wagtyň dowamynda ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirdi.

Hökümet resmileri oňaýsyz ykdysady şertleriň dowam edýändigini tassyklamaýar.

Aziýanyň ösüş banky 2019-njy ýyl üçin yklymyň ykdysady mümkinçiliklerine degişli çap eden soňky hasabatynda, 2019-njy ýylda Türkmenistanda inflýasiýanyň 9 prosente deň boljakdygyny çaklady.

Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň çap eden soňky beýanatynda Türkmenistanda aç-açanlygy hem-de ykdysady statistikalary ösdürmegiň ýurda daşary ýurt maýadarlaryny çekmäge ýardam berjekdigi bellenilýär.

Şeýle-de, onda döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň korrupsiýa töwekgelçiliklerini azaltmaga hem-de biznes we maýa goýum şertlerini ösdürmäge ýardam berjekdigi nygtalýar; ýurtda bäsdeşligi artdyrmagyň, erkin walýuta dolanyşygynyň ähmiýetine ünsi çekilýär.

Halkara walýuta fondunyň bilermenleri Türkmenistana etjek nobatdaky saparyny 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda amala aşyrarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG