Russiýada weteranlaryň bir topary sowet goşunlarynyň Owganystandaky hereketleri barada düşürilen täze kinofilmiň “watançylyk ruhunda däldigini” aýdyp, onuň gadagan edilmegine çagyrdylar.
Şol bir wagtda, filmiň direktory Pawel Lungin kinonyň pajygaly konflikt barada dogruçyl maglumatlary berýändigini aýdýar.
Belli režisýor Lunginiň täze işi Russiýada soňky döwür düşürilýän watançylyk uruş filimlerinden düýpli tapawutlanýar.
Kinoda 1979-1989-njy ýyllar aralygyndaky sowet-owgan urşunyň soňky aýlarynyň dowamynda sowet esgerleriniň serhoş bolup, ogurlyga hem baş goşýan pursatlary görkezilýär. Bu uruşda 14 müňe golaý sowet esgeri heläk bolupdy.
Filmi 9-njy maýda, ýagny Russiýada Ýeňiş baýramy bellenilýän güni köpçülige ýetirmek göz öňünde tutulýardy.
Emma, weteranlaryň we konfliktde heläk bolan esgerleriň ýakynlarynyň protestlerinden soň, filmiň çykjak senesi nämälimligine galýar.
Думаю, Туркменские власти не пойдут на это, потому что если у интернетпользователя будет возможность к спутниковому интернету, то его интернет тракт не пройдет через провайдер ТМ СЕLL. А интернетконтроль пользоват