Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koreýa Respublikasynyň prezidenti Aşgabada sapar edýär


Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže In. Arhiw suraty
Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže In. Arhiw suraty

Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže In, türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy esasynda, 16-njy aprelde Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi.

Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy, syýasy, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle-de saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 7-nji fewralynda ýola goýuldy.

XS
SM
MD
LG