Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan “Talyban” bilen gepleşiklere 250 delegaty ýollajakdygyny aýdýar


ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad.
ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad.

Owgan hökümeti şu hepde Katarda “Talyban” bilen geçirilmeli gepleşiklere özüniň 250 delegatyny ýollajakdygyny aýtdy. Bu 18 ýyl bäri dowam edýän urşy togtatmak ugrundaky möhüm özgeriş hökmünde häsiýetlendirildi.

“[19-21-nji aprel aralygynda geçiriljek] Dohadaky konferensiýa gatnaşjak owgan hökümetiniň, şol sanda syýasy partiýalaryň, garaşsyz syýasy wekilleriň, şeýle-de owgan jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etjek şahsyýetleriň sanawy şu gün tamamlandy” diýip, owgan prezidenti Aşraf Ganiniň metbugat wekili mälim etdi.

Emma, “Talyban” bu şahsyýetleriň ýazmaça we dil üsti bilen konferensiýa owgan hökümetiniň resmi agzalary däl-de, eýse garaşsyz wekiller hökmünde gatnaşjakdyklaryny belli edenlerinden soň, konferensiýa goýberiljekdiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG