Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Žurnalistler syýasatçylaryň öjükdirýän ýigrenjiniň arasynda kyn wezipeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar


 Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda öldürilen žurnalist Jamal Khashoggi
Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda öldürilen žurnalist Jamal Khashoggi

Syýasy liderleriň ýygy-ýygydan žurnalistler babatynda duşmançylygyny bildirmegi mediany dünýä ýüzünde töwekgellige salýar diýip, Serhetsiz reportýorlar guramasynyň 18-nji aprelde çap edilen ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

Syýasatçylar tarapyndan media babatynda ýaýradylan ýigrenç “barha kän we ýygjam duşýan zorluk hereketlerine meçew berip, žurnalistler üçin görülmedik derejedäki gorky-howatyrlara alyp geldi” diýip, 2019-njy ýylyň Bütindünýä Metbugat azatlygy indeksinde aýdylýar.

“[Prezident] Donald Trampyň aýdýan sözleri duşmançylyk klimatynyň çäginden çykmak bilen, Birleşen Ştatlaryň metbugat azatlygy boýunça görkezijide 3 dereje aşak düşüp, 48-nji bolmagyna alyp geldi diýip, guramanyň hasabatynda aýdylýar.

Žurnalist Jamal Khashogginiň Saud Arabystanynyň Stambuldaky konsullygynda öldürilmegi “Saud Arabystanynyň serhetleriniň çäginden has daşdaky žurnalistler üçin hem hopukdyryjy yşarat iberdi” diýip, hasabatda bu ýurduň üç dereje aşak düşüp, 180 ýurduň arasynda 172-nji bolandygy bellenilýär.

Şeýle-de hasabatda Hindistanyň 140-njy orna düşendigi, bu ýurtda geçen ýyl 6 žurnalistiň öldürilendigi bellenilýär.

Metbugat azatlygy boýunça görkezjide bu ýyl Türkmenistan Demirgazyk Koreýa bilen Eritreadan hem ozup, yzdan birinji boldy.

XS
SM
MD
LG