Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Demirgazyk Irlandiýadaky gozgalaňda bir žurnalist atylyp öldürildi


Demirgazyk Irlandiýada polisiýa bilen gozgalaňçylaryň arasynda bolan gapma-garşylyklar. 19-njy aprel, 2019 ý.

Demirgazyk Irlandiýanyň polisiýasy gijäň ýary Londonderri şäherinde bolan gozgalaňlar mahalynda atylyp öldürilen žurnalistiň ölümine “Täze IRA” diýlip atlandyrylýan dissident respublikan toparyň jogapkär bolup biljekdigine güman edilýändigini aýdýar.

19-njy aprelde Demirgazyk Irlandiýanyň polisiýa gullugy 29 ýaşly derňewçi žurnalist Lira Makkiniň (Lyra McKee) gozgalaňlar döwründe atylan okdan soň ölendigini mälim etdi.

Makki özüniň soňky tweetinde polisiýa bilen gozgalaňçylaryň arasyndaky gapma-garşylygy “düýbünden akylsyzlyk” diýip häsiýetlendirdi.

Polisiýanyň başlygynyň kömekçisi Konstebl Mark Hamiltonyň aýtmagyna görä, gozgalaňlar döwründe ýaragly adam polisiýa tarap birnäçe gezek ot açdy.

“Biz munuň terrorçylykly aktdygyna ynanýarys. Biz munuň “Täze Iradaky” ýowuz dissident respublikanlar tarapyndan amala aşyrylandygyna ynanýarys” diýip, Hamilton aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG