Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owgan delegasiýasy bilen bagly agzalalyklar sebäpli parahatçylyk gepleşikleri soňa goýuldy


Birleşen Ştatlaryň “Talyban” güýçleri bilen parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagalla edýän ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Birleşen Ştatlaryň “Talyban” güýçleri bilen parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagalla edýän ýörite wekili “Talyban” bilen owganlaryň uly göwrümli delegasiýasynyň arasynda şu hepdäniň ahyrynda geçirilmegi planlaşdyrylan parahatçylyk gepleşikleriniň soňa goýulmagy dogrusynda lapykeçligini beýan etdi.

Owgan syýasatçylarynyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň ortaça 250 sanysynyň 19-njy aprelde Dohada geçiriljek owganara diýlip atlandyrylýan gepleşiklerde “Talyban” araçylary bilen duşuşmagyna garaşylýardy.

Ýöne bu duşuşyk, owgan delegasiýasynyň göwrümi we düzümi bilen bagly agzalalyklar sebäpli 18-nji aprelde duýdansyz goýbolsun edildi.

“Talyban” owgan delegasiýasynyň uzyn sanawyny tankyt edip, özleriniň adamlaryň şeýle uly möçberi bilen duşuşmajakdyklaryny aýtdy.

Owgan delegasiýasynyň sanawy Owganystanyň käbir güýçli oppozision şahslary, şol sanda öňki goşun serkerdesi Atta Mohammad Nur tarapyndan hem tankyt edildi.

“Men ähli taraplary pursatdan peýdalanmaga we ähli owganlaryň adyndan çykyş edýän gatnaşyjylaryň sanawy dogrusynda ylalaşmak arkaly, ähli zatlary gaýtadan ýola goýmaga çagyrýaryn” diýip, Birleşen Ştatlaryň “Talyban” güýçleri bilen parahatçylyk ylalaşygy ugrunda tagalla edýän ýörite wekili Zalmaý Halilzad 19-njy aprelde paýlaşan tweetinde aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG