Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muelleriň hasabaty rus gatyşygyny tassyklaýar, potensial ýuridiki problemalara yşarat edýär


FBI-yň öňki direktory Robert Mueller
FBI-yň öňki direktory Robert Mueller

Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller 2016-njy ýylyň saýlawlaryna ruslaryň gatyşygy barada ýurduň aňtaw gulluklarynyň gelen netijelerini tassyklady, prezident Donald Trampyň alnyp barylýan derňewi abraýdan düşürmek tagallalaryny dokumentleşdirdi. Ýöne Mueller Tramp rus resmileri bilen gizlin hyzmatdaşlyk etmedi diýen netijä geldi.

Belli bir bölegi redaktirlenip, 18-nji aprelde ýaýradylan 448 sahypalyk hasabatda Muelleriň derňew netijeleriniň detallary görkezilýär; Trampyň we onuň adamlarynyň mundan soň duçar bolup biljek ýuridik problemalaryna, şol sanda oňa resmi ynam bildirmezlik prosesiniň potensial mümkinçiliklerine yşarat edilýär.

Umumy aýdylanda, Tramp hasabatdan kanagatlandy. Ol özüniň we adamlarynyň ne rus resmileri bilen dildüwşükli hyzmatdaşlyk edendigi, ne-de Muelleriň derňewiniň öňüni bagalamaga synanyşandygy barada aýdan sözlerini hasabatyň subut edýändigini aýtdy.

“Dildüwşükli hyzmatdaşlyk ýok diýildi. Adalatyň öňüni baglamak ýok” diýip, Tramp aýtdy: “Ýogsa-da, ol hiç haçan hem bolmandy, hiç haçan bolmaz hem. Biz bu zatlaryň soňuna çykyp, anygyna ýetmeli” diýdi.

Özüne garşy aýdylýän hem-de Muelleriň toparynyň derňeýän gürrüňlerini “toslama” atlandyran Tramp: “Bu zatlar indi başga prezidentiň başyna asla gelmeli däl” diýdi.

Hasabatyň çap edilmegi Tramp heniz wezipä girişmänkä onuň prezidentligine kölege salan derňewiň bir bölümini ýapdy.

Hasabat Trampyň jenaýatçylykly hereketlerine subutnama görkezip bilmese-de, Kongresde prezidente resmi ynam bildirmezlik prosesine getirmegi mümkin. Wekiller öýündäki demokratlar şeýle prosesi başlatmak boýunça barha ýokarlanýan basyşa duçar bolýar.

Wekiller öýüniň binýadyndaky aýrybaşga alty komitetiň demokrat başlyklary “prezidentiň derňewiň öňüni baglamak üçin baş goşan gelşiksiz, bozuk we ahlaksyz işlerine baha bermek Kongresiň wezipesidir” diýdiler.

Wekiller öýündäki ikinji ýokary derejeli demokrat Steny Hoyer 2020-nji ýylyň noýabrynda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň golaýlamagy bilen, prezidente resmi ynam bildirmezligiň gymmadynyň ýokdugyny aýtdy.

Resmi ynam bildirmezlikden başga, hasabat Muelleriň işini uzaga çekdiren beýleki käbir jenaýatlara-da ünsi çekýär. Olaryň käbirleri heniz hem nämälim.

Hasabat ýörite geňeşçiniň ygtyýaryna girmeýän 14 jenaýat işi boýunça Muelleriň toparynyň ýollama taýýarlandygyny aýtdy. Olaryň 12-si redaktirlendi.

Hasabat Russiýanyň 2016-njy ýyldaky saýlawlara gatyşmak tagallalarynyň dürli ugurlaryny dykgat bilen jikme-jik beýan edýär. Bu netije ABŞ-nyň aňtaw gulluklarynyň 2016-njy saýlawlarynyň yzýany, Trampyň wezipä girişmeginiň öňýany äşgär eden maglumatlaryna gabat gelýär.

“Russiýanyň hökümedi 2016-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlaryna giň gerimli we sistematik görnüşde gatyşdy” diýip, Muelleriň hasabatynda aýdylýar.

Muelleriň rus gatyşygy bilen bagly ýöňkeýän iň üns çekiji aýyplamalarynyň hatarynda 10-dan gowrak rus harby aňtaw ofiserine günä bildirilmegi bolup durýar. Mueller Demokrat partiýanyň elektron hatlarynyň döwülmeginiň we ogurlanmagynyň aňyrsynda şolaryň durandygyny aýdýar. Demokrat partiýanyň elektron hatlary 2016-njy ýylda Birleşen Ştatlarda geçirilen prezidentlik saýlawlary gyzyşanda ýaýradylypdy.

18-nji aprelde ýaýradylan hasabat Trampyň FBI-yň sylanýan öňki direktory Muelleriň işe bellenilmeginiň çynlakaýlygyna iň başyndan bäri göz ýetirendigini görkezdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG