Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň baş prokurory 18-nji aprelde Muelleriň redaktirlenen hasabatyny ýaýradar


Birleşen Ştatlaryň baş prokurory Wiliam Bar (William Barr)

Birleşen Ştatlaryň Adalat departamenti baş prokuror Wiliam Baryň (William Barr) 2016-njy ýylda geçirilen prezidentlik saýlawlaryna Russiýanyň gatyşygy barada ýörite geňeşçi Robert Muelleriň taýýarlan hasabatynyň redaktirlenen görnüşini 18-nji aprelde çap etjekdigini aýdýar.

Iki ýyl töweregi mundan ozal Muelleri ýörite geňeşçi bellän Bar we baş prokuroryň orunbasary Rod Rozenşteýn (Rod Rosenstein) hasabatyň ýaýradylmagy barada çykyş etmek üçin 18-nji aprelde metbugat maslahatyny geçirerler.

Muelleriň derňewini “arwah awy” atlandyryp, gaýta-gaýta tankyt eden prezident Donald Tramp 17-nji aprelde beren bir radio interwýusynda, Baryň 9:30-da (Aşgabat wagty bilen 19:30 – red.) geçirjek metbugat maslahatyndan soň özüniň maslahat geçirip biljekdigini aýtdy.

Mueller Tramyň kampaniýasynyň saýlawlarda ýeňiş gazanmak üçin Russiýa bilen sazlaşykly ýa-da dildüwşükli hyzmatdaşlyk edip etmändigini, hem-de Trampyň ýa-da onuň adamlarynyň bu derňewi bökdemäge çalyşmak arkaly adalatyň ýoluny baglamaga synanyşyp synanyşmandygyny derňedi.

Muelleriň tas 400 sahypalyk hasabaty 22-nji martda tamamlandy. Bar onuň netijeleriniň gysga beýanyny iki gün soňra Kongrese ugratdy; onda Bar “derňew Tramp kampaniýasynyň agzalarynyň rus hökümeti bilen onuň saýlawlara gatyşmak işlerinde sazlaşykly ýa-da dildüwşükli hyzmatdaşlyk edendigini esaslandyrmady” diýdi.

Bar Muelleriň adalaty böwetlemek bilen baglylykda Trampy aklamandygyna garamazdan, barlagda üsti açylan subutnamalaryň Trampyň adalatyň ýoluny baglandygyny delillendirmek üçin “ýetersiz bolandygyny” hem ýazdy.

Demokrat kanun çykaryjylar hasabatyň doly görnüşini çap etdirmek üçin Bara basyş edip gelýär.

Demokratlar Baryň prezident baradaky negatiw netijeleri bassyr-ýussur etmäge synanyşýandygyny aýdyp alada bildirýärler. Bary wezipeä Tramp belläpdi.

Wekiller öýüniň spikeri Nensi Pelosi (Nancy Pelosi): “Bar Trampy goramakda eden belli maksat ugrundaky tagallasy bilen özüniň abraýyna, hem-de Adalat departamentiniň garaşsyzlygyna şek ýetirdi” diýdi.

Senatdaky azlyklaryň lideri Çak Şumer (Chuck Schumer): “Hasabat hatda heniz ýaýradylmanka proses zäherlendi” diýdi.

Bar hasabatyň käbir redaktirlemeleri hasaba goşmandaky doly görnüşiniň ýaýradyljakdygyny aýtdy.

2016-njy ýylyň kampaniýa döwründe we saýlawlardan soňky geçiş döwründe Trampyň Russiýa bilen ilteşikli gatnaşyklary bolan adamlary barada Muelleriň nämeleri anyklandygy Baryň gysga beýannamasynda detallandyrylmaýar.

Şeýle-de, gysga beýannama Trampyň şol adamlarynyň birnäçesiniň derňew döwründe Kongrese ýa-da federal derňewçilere näme sebäpden ýalan sözländiklerini düşündirmeýär.

Konfidensial maglumatlar grant žýuriniň toplan delillerini, gizlin maglumat çeşmelerini we metodlaryny, hem-de dowam edýän jenaýat derňewlerini öz içine alyp biler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG