Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kosowa 110 raýatynyň, şol sanda YD söweşijileriniň Siriýadan dolanandygyny aýdýar


Kosowa. Polisiýa güýçleri Siriýadan dolanyp gelýänleriň yzyndan barýar.
Kosowa. Polisiýa güýçleri Siriýadan dolanyp gelýänleriň yzyndan barýar.

Kosowaly resmiler ýurduň 110 raýatynyň, şol sanda ekstremist topar bolan “Yslam döwletiniň” hatarynda bolandygy aýdylýan dört söweşijiniň Siriýadan dolanyp gelendigini aýdýarlar.

Kosowa polisiýasynyň başlygy Raşit Kalaj 20-nji aprelde guralan metbugat ýygnagynda dolanyp gelenleriň arasynda 31 aýalyň we 74 çaganyň, şol sanda Siriýadaky konflikt mahalynda ene-atalaryny ýitiren dört çaganyň bardygyny aýtdy.

Kalaj Siriýada ýene 30 söweşijiniň we 49 aýalyň, sekiz çaganyň galandygyny aýtdy. Kosowanyň adalat ministri häkimiýetleriň 110 raýaty Siriýadan yzyna getirmek üçin aýlap işländigini aýtdy.

Abelrad Tahiri bu çäräniň Birleşen Ştatlar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk netijesinde görlendigini gürrüň berdi. ABŞ-nyň Pristinadaky ilçihanasy 20-nji aprelde beýanat çap edip, raýatlaryň öz watanlaryna dolanyp gelmegini gutlady.

Ilatynyň aglaba köplügi musulman bolan Kosowadan 2012-nji ýyldan bäri 400 çemesi raýat, “Yslam döwleti” ekstremist toparynyň hatarlarynda söweşmek üçin Siriýa we Yraga gitdi. Olaryň 70-den gowragy öldürildi, köpüsi sebitde saklanyp galýar.

XS
SM
MD
LG