Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabulda ýaragly adamlar Aragatnaşyk ministrligine hüjüm etdi


Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi
Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi

Ýaragly adamlar 20-nji aprelde owgan paýtagtynyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm etdiler diýip, resmiler Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna aýtdylar.

Günortandan biraz öň şäheriň iň bir meşgul ýerleriniň birinde ýerleşen ministrligiň agzynda bolan partlamanyň we atyşygyň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan tapylmady.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi ýaragly adamlaryň iki sanysynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini, binanyň daşynyň polisiýa tarapyndan gabalandygyny habar berdi.

"Sagat 11:40 töwereginde Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndan partlama sesi, üzlem-saplam atyşyk sesleri hem eşidildi” diýip, Rahimi aýtdy.

Saglyk ministrliginiň sözçüsi bu hüjüm netijesinde azyndan alty adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Ýerli telewizion kanal “Ariana News” partlamadan soň hüjümçileriň bir toparynyň Aragatnaşyk ministriginiň binasyna girendigini we ol ýerde howpsuzlyk güýçleri bilen atyşýandygyny habar berdi.

Habarlarda binadaky we töwerekdäki adamlaryň ewakuasiýa edilýändigi aýdyldy.

Bu partlama berk goragly, daşary ýurtly myhmanlaryň ulanýan seýrek myhmanhanalarynyň biri bolan Serena myhmanhanasynyň golaýynda, şäheriň esasy kommersiýa künjekleriniň birinde boldy.

Bu hüjüm owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda Katarda geçirilmekçi bolan parahatçylyk gepleşikleriniň goýbolsun edilmeginiň yz ýanynda boldy.

XS
SM
MD
LG