Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şri-Lankada partlama pidalarynyň sany 300 adama golaýlady


Şri-Lankada bolan bomba partlamasynyň pidalary, 22-nji aprel, 2019

Şri-Lankada bolan bomba partlamasynda wepat bolanlaryň sany gysga wagtda 300 adama ýetdi.

Polisiýanyň aýtmagyna görä, şäheriň birnäçe ýerlerinde, şol sanda myhmanhanalarda we pasha baýramçylygynda köp adamyň üýşen ybadathanalarynda bolan heläkçilikli bomba partlamalarynyň birnäçesi zerarly wepat bolanlaryň sany 290 adama ýetipdir, 500 çemesi adam ýaralanypdyr.

21-nji aprelde Kolombo şäheriniň özünde we onuň daşynda bolan partlamalar bilen baglylykda 24 adam tussag edildi.

Ybadathanalara, gymmatbaha myhmanhanalara we beýleki ýerlere zarba uran jemi dokuz sany bomba partlamasy adada on ýyl mundan öň weýrançylykly graždan urşy tamamlanaly bäri iň heläkçilikli waka boldy.

Partlamalaryň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady, emma goranmak ministri Ruwan Wijewardena partlamalary terrorçylyk hüjümi diýip atlandyrdy. Ol hüjümleriň aglabasynyň öz janyndan geçen hüjümçileriň amala aşyran bolmagynyň çak edilýändigini belledi.

Premýer ministr Ranil Wikremesinghe hüjümçileriň halkara terrorizmine gatnaşygyny anyklamakda daşary ýurtlardan ýardam sorajagyny mälim etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG