Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran we Pakistan serhedi terrorizmden bile goramak barada ylalaşdylar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (s) we Pakistanyň premýer-ministri Imran Han (ç), Tähran, 22-nji aprel, 2019
Eýranyň prezidenti Hassan Rohani (s) we Pakistanyň premýer-ministri Imran Han (ç), Tähran, 22-nji aprel, 2019

Eýranyň prezidenti Hassan Rohani we ýurda sapar edýän Pakistanyň premýer-ministri Imran Han terrorizme garşy durmak üçin bilelikdäki serhetçi "reaksiýa güýçlerini" döretmek hakynda ylalaşdylar. Bu barada Eýranyň mediasy habar berýär.

"Biz terrorizme garşy göreşmek üçin serhetlerde tiz reaksiýa görkezýän bilelikdäki güýçleri döretmek hakynda ylalaşdyk" diýip, Rohaniniň Imran Han bilen 22-nji aprelde Tähranda geçirilen bilelikdäki metbugat-konferensiýada aýdandygy media maglumatlarynda aýdyldy.

Bu beýanat iki ýurduň özara serhedinde ýaragly söweşijileriň jemlenmegine garşy ýeterlik çäre görmezlikde bir-birini aýyplamagynyň netijesinde soňky aýlarda dörän dartgynly döwürde edildi.

“Pakistan öz tarapynda 'hiç bir söweşiji toparyň' hereket etmegine ýol bermez" diýip, Imran Han aýtdy.

Pakistanyň premýer-ministri Eýrana ilkinji resmi sapary bilen 21-nji aprelde bardy. Onuň ýurtara gatnaşyklary pugtalandyrmak, "terrorizme garşy göreşmek we serhetleriň howpsuzlygyny üpjün etmek" ýaly meseleleri maslahat etjegini Eýranyň resmi mediasy habar beripdi.

XS
SM
MD
LG