Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şri-Lanka: bomba partlamasynda heläk bolanlaryň sany 300-den geçdi, ençeme adam keselhanada galýar


Partlamanyň bolan ýeri, 22-nji aprel, 2019

Şri-Lankada 21-nji aprelde myhmanhanalarda we pasha baýramçylygy sebäpli köp adamly ybadathanalarda bolan bomba partlamalarynda wepat bolanlaryň sanynyň 310 adama ýetdi, 500 çemesi adam ýaralandy diýip, polisiýa habar berdi.

Polisiýanyň 23-nji aprelde aýtmagyna görä, ýaralanan adamlaryň ýüzlerçesi keselhanada galýar, partlamalar bilen ilteşikli bolmakda güman edilýän 40 golaý adam tussag edilipdir.

21-nji aprelde Kolombo şäheriniň özünde we onuň daşynda bolan jemi dokuz sany partlama on ýyl mundan öň weýrançylykly graždan urşuny başdan geçiren ýurduň soňky taryhynda iň heläkçilikli waka boldy.

23-nji aprelde pidalaryň hatyrasyna matam tutulyp, tutuş ýurt boýunça üç minutlyk dymyşlyk yglan edildi.

Hökümetiň metbugat-wekili Rajitha Senaratne partlamalary amala aşyrmakda "Milli Thowheeth Jama'ath" (NTJ) ekstremist toparynyň güman edilýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG