Türkmenistanyň resmi topary Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça programmasynyň çäginde Daşkentde geçirilen seminara gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň döwlet migrasiýa gullugyna salgylanyp, Trend neşri habar berýär.
Ýewropa Bileleşiginiň resmi websaýtynda çap bolan maglumata görä, seminar Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (МОМ) gatnaşmagynda geçirilipdir.
Seminaryň maksadynyň statusy kesgitlenmedik migrantlaryň şahsyýetini anyklamak, olary ýerleşdirmek we yzyna gaýtarmak boýunça halkara we ýewropa tejribeleri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdygy habarda aýdylýar.
Daşkentdäki duşuşykda döwlet serhetlerinde bikanun migrasiýa garşy göreş boýunça edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga esasy üns berlipdir. Çäräniň netijesinde Ýewropa Bileleşiginiň bilermenleriniň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli kanunlaryny halkara standartlaryna görä kämilleşdirmek boýunça öz rekomendasiýalaryny işläp düzmegine garaşylýar.