Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystanyň häkimiýet başyndaky partiýasy Tokaýewi prezidentlige kandidat belledi


Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti Kasym Žomart Tokaýew we Nursultan Nazarbaýew
Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti Kasym Žomart Tokaýew we Nursultan Nazarbaýew

Gazagystanyň häkimiýet başyndaky “Nur Otan” partiýasy wagtlaýyn prezident Kasym Žomart Tokaýewi prezidentlige kandidat bellemek bilen onuň möhletinden öň 9-njy iýunda geçjek saýlawda ýeňiş gazanmagyny iş ýüzünde kepillendirdi.

Tokaýewiň kandidat bellenendigi baradaky habar berk kontrollyk astynda saklanýan ýurtda Nursultan Nazarbaýew 30 ýyl häkimiýet başynda bolanyndan soňra garaşylmadyk ýagdaýda özüniň wezipeden çekilýändigini bildireninden birnäçe hepde soňra, ýagny 23-nji aprelde partiýanyň umumy ýygnagynda yglan edildi.

“Men Tokaýewiň kandidatlyk meselesine garalmagyny teklip edýärin” diýip, “Nur Otan” partiýasynyň baştutany Nazarbaýew aýtdy. Ol soňra hem: “Hemmelerden onuň kandidatlygyny goldamagy soraýyn” diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Partiýa hem biragyzdan bu teklibi goldap ses berdi.

Partiýanyň internet sahypasynda bellenmegine görä, kandidaty ýörite ýygnak saýlar. Partiýanyň ýokary dolandyryş organynyň duşuşygynyň güntertibini bolsa onuň syýasy geňeşi 22-nji aprelde tassyklady.

Sowet Soýuzy 1991-nji ýylda dargamazdan öň ýurdy dolandyryp başlan we başga pikirlilige onça çydamlylyk görkezmedik Nazarbaýew 19-njy martda özüniň wezipeden çekilýändigini yglan etdi.

Şeýlelikde, parlamentiň ýokarky öýüniň spikeri bolan tejribeli diplomat Tokaýew wagtlaýyn prezident boldy.

Tokaýew 9-njy aprelde ses berişligi bir ýyla golaý öňe süýşürip, möhletinden öňki prezident saýlawynyň 9-njy iýuna bellenendigini yglan etdi. Bu saýlaw syýasy geçiş döwrüni gysgaldyp, Nazarbaýewiň wezipeden çekilmeginden soňra döremegi mümkin durnuksyzlygy aşaklatmaga gönükdirilene meňzeýär.

Ses berişligiň ylgan edilmegi, şol bir wagtda-da häkimiýet başyndaky partiýanyň potensial opponentlerine kampaniýa geçirmäge köp wagt goýman, oppozisiýa çetleşdirilip, syýasata agalyk şindi-de Nazarbaýewiň elinde bolan ýurtda olaryň saýlanma mümkinçiligini peseltýär. Galyberse-de, Nazarbaýewiň ileri tutýan oruntutarynyň ýeň(i)şi kepillendirilen ýagdaýda.

Tokaýew kandidat bellenmezden iki gün öň polisiýa güýçleri ýurduň iň uly şäheri Almatyda ýaz maratonynda protestlere gatnaşan ýaş aktiwistleriň birnäçesini tussaglyk astyna aldy.

Aktiwistler uly plakatlar göterip, “sen hakykatdan gaçyp bilmersiň” diýip gygyryşdylar.

Plakatlardaky haştaglerde adalatly saýlawlara çagyryş edilýärdi. Tussag edilenleriň ikisi, Asiýa Tulesowa we Baýbarys Talymbekow 21-nji aprelde ýurtda resmi rugsatsyz protestleri gadagan edýän kanunlary bozanlykda günäli tapylyp, olaryň her biri 15 gün türme tussaglygyna höküm edildi.

22-nji aprelde hem şol aýyplama esasynda beýleki aktiwistlere jerime salyndy.

Soňky wagtlarda Gazagystan yzygiderli protestlere şaýat bolup gelýär. Bularda protestçiler birnäçe şäherlerde hökümeti adaty adamlaryň zerurlyklaryny we talaplaryny äsgermezlik etmekde aýyplaýarlar.

Protestleriň turmagynyň bir sebäbi-de – ozal Astana diýilýän paýtagtda bir öýde bolan ýangynda bir maşgaladan bäş çaganyň ölmegi netijesinde dörän gahar-gazap. Astananyň ady öten aý Tokaýewiň teklibi boýunça Nazarbaýewe eýerilip, Nur-Sultan diýip üýtgedildi.

Nur-Sultanda bir kiçeňräk öýde daňdan dörän ýangyn ejesi-kakasy işdekä 3 aýlyk bilen 13 ýaş aralygynaky bäş çaganyň ölümine sebäp boldy.

Garşydaşlar, tankytçylar we hukuk toparlary başga pikirlilige o diýen çydamlylyk görkezmeýän awtoritar Nazarbaýew demokratik prosesi ýoýup, energiýa baý 18.7 million ilatly ýurtda öz hökümdarlyk döwrüni uzaltdy diýýärler.

78 ýaşly Nazarbaýew Gazagystanyň howpsuzlyk geňeşiniň ömürlik başlygy. Oňa “elbasy” diýen hormatly at berildi. Bu onuň özüne we maşgala agzalaryna islendik raýat ýa jenaýat kanuny boýunça yzarlanmazlyk üçin ömürlik eldegrilmesizlik hukugyny berýär.

Tokaýew 20-nji martda prezidentlik wezipesine gelensoň, Nazarbaýewiň uly gyzy Dariga Nazarbaýewa onuň öňki ornuna geçip, parlamentiň ýokarky öýüniň spikeri boldy. Aslynda oňa-da mümkin kandidatlaryň biri diýip garalýardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG