Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Koalisiýa güýçleriniň parahat ilatdan öldüren ýaşaýjylarynyň sany ‘Talybanyňkydan’ has köp


Kabulda ýaralanan adam keselhana alnyp gidilýär. Illýustrasiýa suraty

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatynda Birleşen Ştatlaryň we Owganystanyň hökümet güýçleriniň parahat ilatdan öldüren ýaşaýjylarynyň sanynyň “Talyban” we beýleki söweşijileriň öldüreninden has köpdügi aýdylýar.

Bu görkeziji ýylyň ilkinji üç aýynyň jemlerine degişli bolup, BMG 2009-njy ýylda Owganystanda parahat ilatdan adam ýitgileriniň sanawyny hasaba alyp başlanyndan bäri, şeýle görkezijä ilkinji gezek duş gelinýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasy (UNAMA) 2019-njy ýylyň ilkinji üç aýynda Owganystandaky uruşda ölen parahat ilatdan ýaşaýjylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tas 25 prosent pese gaçandygyny hem aýtdy.

Hasabatda 2019-njy ýylyň birinji çärýeginde Owganystanda parahat ilatdan 581 adamyň ölendigi we başga-da 1192 sanysynyň ýaralanandygy hem nygtalýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Owganystandaky Ýardam beriş missiýasynyň hasabatynda aýdylmagyna görä, parahat ilatdan öldürilen we ýaralanan adamlaryň sanyny goşanyňda, “Talyban” we beýleki söweşijiler hökümete tarapdar güýçlerden has köp zyýan ýetirdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG